ATLY SPORTUŇ USSATLARY BÄSLEŞDILER

    Düýn Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen bu bäsleşige atlaryň 10-dan gowragy gatnaşdyryldy. 
    Ir säher bilen badalga berlen bäsleşigi synlap, bedewlerimize buýsanjyňartýar. Bäsleşikde gaýratyny görkezýän bedewler özüniňgözelligi, çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar. Bäsleşik meýdançasyndaky bedewler baradaky oýlara berlip oturşyňa, olaryňbäsleşige taýýarlanylyşy, seýislenişi barada bilesigelijiligiňartyp başlaýar. Ine, şol bilesigelijilik bilen «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň«Milli atly sport» merkeziniňtälimçisi, Türkmenistanyňat gazanan atşynasy Bäşim Ballyýewiňýanyna baryp, onuňbilen gürrüňdeş bolanymyzda: «Türkmen bedewiniňmilli baýramynyňjoşguny ýurdumyzyňçar künjüni gurşap aldy. Baýramçylyk mynasybetli, atlaryňpäsgelçilikden böküp geçmek — konkur bäsleşigi hem ýokary derejede geçirilýär. Konkur — atçylyk sportunyňiňbir gyzykly görnüşleriniňbiri. Taryhdan mälim bolşy ýaly, konkur ilkinji gezek 1869-njy ýylda Angliýada geçirilipdir. Häzir konkur sportunyňşöhraty dünýä doldy. Bu sporty ösdürmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Atçylyk sportunyňbu görnüşiniňözüne mahsus aýratynlyklary bar. Şonuňüçin hem hünärmenler, türgenler atçylyk sportuna gatnaşdyryljak atlary seçip alýarlar. Olaryňbirinji we soňky ýyllardaky seýislenişine, türgenleşdirilişine aýratyn üns berilýär. Bu türgenden hem, sport atyndan hem uzak wagtlap irginsiz türgenleşigi, jogapkärçiligi talap edýär. Häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň17 urugy bar. Şol uruglaryňiçinden üçüsi, ýagny eýeberditeleke, aksakal, gyşyksakal uruglara degişli atlar konkur üçin saýlanyp alynýar. Olar has çydamly hem akyllydyrlar. Atlar dört ýaşaýança, aýratyn gözegçilikde saklanylyp seýislenýär. Seýis atlar dört ýaşaýança, olaryňmümkinçiliklerini synlap gezýär. Dört ýaşandan soň, olaryňiňgowulary konkur üçin saýlanylyp, aýratyn seýislenýär. Haçan-da atlar ýedi ýaşyna ýetende, olary halkara ýaryşlara hem gatnaşdyryp bolýar. 
    Konkura gatnaşdyrylýan atlar üç wagtyna iýmlenýär. Çapuwa gatnaşýan atlara günüňdowamynda 3 — 5 kilogram aralygynda arpa berilýän bolsa, konkura gatnaşýan atlar üçin onuňmöçberi 7 — 9 kilogramdyr. 
    Konkura gatnaşýan atlar bäsleşikden ozal, weterinar lukmanyňgözegçiliginden geçirilýär. Atlaryňýürek urşy, temperaturasy kada laýyk bolsa, bäsleşige gatnaşdyrylýar. Saglyk ýagdaýy kadaly bolmadyklary bäsleşige goýberilmeýär. 
    Berkarar döwletimiziňbagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyňtaýsyz tagallalary bilen, arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek, olaryňýyndamlygyny, gözelligini artdyrmak, aýratynlyklaryny gorap saklamak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Behişdi bedewlerimiziňşan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmak üçin her ýylyňaprel aýynyňsoňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniňmilli baýramy şöhratly taryhymyzdan şu günlerimize ýeten, milli buýsanjymyza öwrülen bedew atlarymyza çäksiz sarpanyňaýdyňnyşanydyr. Bu baýram bilen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany döwlet syýasatynyňileri tutulýan ugurlarynyňbirine öwren Gahryman Arkadagymyzy, şeýle-de bagtyýarlyk döwrüne guwanyp ýaşaýan ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Döwlet Baştutanymyzyňtagallalary bilen, güneşli Diýarymyza bedew batly ösüşleriňhemişelik ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris — diýdi. 
    Ussat seýsiňberen gürrüňinden soňra, ahalteke bedewleriniňarasynda päsgelçilikden geçmek boýunça badalga berlen ýaryşa tomaşa etdik. Aperin, gujurly-gaýratly, hüşgär bedewleri bilen fiziki taýdan kuwwatly türgenleriňat üstünde özlerine erk edişleri, päsgelçiliklerden üstünlikli geçýän pursatlaryny synlanyňda, olara bolan buýsanjyňartýar. Bäsleşik tamamlanandan soňra, «Türkmen atly» sport federasiýasynyňtürgeni Ýazgeldi Garajaýew bilen gürrüňdeş bolduk: 
— Türkmen bedewiniňmilli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen ahalteke atlarynyňpäsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigine indi birnäçe ýyl bäri gatnaşýaryn. Şu ýyl bu bäsleşige özümiňToýçy atly atym bilen gatnaşyp, gowy netijäni görkezdim. Geçen ýyllaryňdowamynda üç gezek ýurdumyzyňatly sport söýüjileriniňarasynda geçirilen Türkmenistanyňçempionatynda ýeňiji bolup, birinji orny eýeläp, çempion diýen hormatly adyňeýesi bolmagy başardym. Şeýle hem bu behişdi bedewim bilen 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem gatnaşyp, ýeňiji boldum. «Ýaryş menzili — ýeňiş» diýilýär. Geçirilýän ýaryşlarda gazanýan üstünliklerimiz bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar. 
    Mälim bolşy ýaly, konkur meýdançasynyňuzynlygy 80 metr, ini 50 metrden ybarat. Adaty ýaryşlarda päsgelçilikleriňbeýikligi 1-1,80 metrden kesgitlenýär. Ýaryşyňgeçýän pursady türgen hem-de at az jerime aljak bolmaly. Sebäbi konkurda ýeňiji türgeniňgoýberen ýalňyşlyklary üçin alan jerime bahalary, utuşlar hem sarp eden wagty hasaplanyp, netije çykarylýar. Atlar bir gezekde päsgelçilikden bökmän, kürtdürip dursa, ýörite kesgitlenen — jerime berilýär. Şonuňüçin ýaryşa gatnaşýan her bir türgeniňesasy maksady jerime almazlyk. Munuňüçin her gün diýen ýaly, öz atyňbilen konkur meýdançasynda türgenleşik geçmek gerek. Türgen bilen atyňbiri-birine düşünişmegi gerek bolup durýar. Çünki bedewlerimiz öz üstüne münen adamyňhäsiýetini, maksadyny bilmegi başarýar — diýip, ussat türgen gürrüňberdi. 
    Hormatly Prezidentimiziňyhlasy, mähri siňen bedewler bu günki gün aýlawlarymyzyň, toýlarymyzyňbezegine öwrülip, döwrümiziňokgunly ösüşi olaryňbadyna deňelýär. 
    Päsgelçilikden bökmek boýunça ahalteke atlarynyňarasynda geçirilen bäsleşigiňýeňijileri Türkmen bedewiniňmilli baýramynda yglan ediler.