Türkmen eksport ugurly harytlarynyň sanly sergisi

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine çykýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň has-da ösdürilmegine hususy pudagyň hem goşandy uludyr. 
    Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagy babatdaky başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty barha ýokarlanýar. Türkmen bazarynda dünýäniň islendik döwletiniň harytlary bilen bäsleşige ukyply önümçilikler ýola goýuldy. Ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmek maksady bilen sanly ulgamdan hem netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda sanly we onlaýn sergileri geçirmek babatda degişli işler geçirilýär. 
    Golaýda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onlaýn gepleşikleriň barşynda     Halkara sergiler býurosy bilen ýurdumyzyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça pikir alyşmalar geçirildi. 
    Mälim bolşy ýaly, 10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz onlaýn-sergileriň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, munuň ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyk gelýändigini hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini nygtapdy. 
    Göz öňünde tutulýan onlaýn sergiler halkara işewür toparlarynyň ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen tanyşmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçýändigi barada maglumat almaga oňaýly şert döreder.