GARAGUM SÄHRASYNYŇ AJAÝYP ÖSÜMLIGI

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çar künjegi bagy-bossanlyga bürelýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde ekologiýa taýdan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur işleriň geçirilýän döwründe Garagum sährasynyň ekologiýa bioköpdürlüligini saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine möhüm ähmiýet berilýär.
    Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi baý we dürli-dürlidir. Ýurdumyzda ösümlikleriň 2500-den gowrak görnüşi bolup, olaryň 700-den gowragy sähralyklarda ösýär. Sazak Garagum sährasynyň we Merkezi     Aziýanyň çägeleriniň esasy ösümligi hasaplanýar. Sazagyň iki görnüşi, ýagny ak we gara görnüşi bolup, olar gaty meňzeşdir, ýöne olary uzakdan tapawutlandyryp bolýar. Ak sazagyň ýeňil şahalary has açyk we has kiçi, gara sazagyňky bolsa galyňdyr. Ýalňyşmazlyk üçin ýaş şahalary deňeşdirip görülýär. 
    Sazagyň, esasanam, gara sazagyň gaty çuň bolsa-da, ýerasty suwlary çekýän güýçli kök ulgamy bardyr. Ösümlik suwsuzlykdan ejir çekmeýär, çünki onuň baldaklary şeýle suwly welin, barmaklaryňyz bilen bassaňyz, çyglyk syzylyp çykýar. Onuň çygar şahalary bugarmada suwy az sarp edýär. 
    Häzirki wagtda ýurdumyzda sazaklaryň ýetişdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Amatly şertlerde ösdürilip ýetişdirilen nahallar, tebigy gyrymsy agaçlardan has köp tohum berýär. Bahar paslynda goýunlar we düýeler çalt ösýän gara sazagyň baldaklary bilen iýmitlenýärler. Gyşda bolsa sazak uzak öri meýdanlaryndaky mallar üçin goşmaça iýmit çeşmesidir. Gara sazak diňe bir tokaý emele getirýän görnüşler hökmünde däl, eýsem, ot-iým ösümligi hökmünde hem gyzyklandyrýar, öri meýdanlaryny gowulandyrýar. Gara sazakdan döredilen gorag zolaklary hem peýdalydyr. Bu ösümlik sähra topraklarynda topragy emele getirýär, ony organiki maddalar bilen doldurýar we ýerasty suwlaryň derejesini kadalaşdyrýar. Mundan başga-da, sazak gyrymsy şahalary bilen ilatly ýerleri tozandan we tupanlardan goraýar.
    Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garagum sährasynyň howa we toprak şertlerinde tokaýlary ýetişdirmek we öri meýdanlarynyň ösümlik örtügini gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça innowasion tehnologiýalaryň we agrotehniki çäreleriň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde hem     Garagum sährasynyň ajaýyp tebigatynyň gözellikleri, onuň ösümlik dünýäsi yzygiderli öwrenilýär. 
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, ony geljekki nesillere geçirmek boýunça nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!