2500 tonna tohumlyk çigit

    Halaç etrabyndaky Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanasynda şu ýylky gowaça ekişi üçin 2500 tonna tohumlyk çigit öndürildi.
    Bu ýerde öndürilen tohum welaýatyň ekin meýdanlaryna we Ahal welaýatyna ugradylýar. 
    Bu ýerde şu ýylyň birinji çärýeginde pagtanyň 7,5 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, ondan pagta süýüminiň 2400 tonnasy, gowaça çigidiniň 4640 tonnasy we beýleki önümler öndürildi. Häzirki günlerde bolsa daýhan birleşikleriniň buýurmalaryna laýyklykda himiki usul bilen daşy arassalanylan tohumlyk gowaça çigidi öndürilýär.