Täze sahna oýny

    Golaýda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Guwanç Baýmedowyň režissýorlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Sargyt» atly pýesasyny sahnalaşdyrmaga girişildi. Bu eseriň esasynda hakyky dartgynly durmuş wakalary ýatyr. Pýesanyň baş gahrymany Gülbahar ene ömrüniň köp bölegini gaýry ýurtda geçiren hem bolsa, ol bütin ömrüni ata Watanynyň didaryny küýsäp ýaşaýar. Onuň dogduk Diýaryna bolan söýgüsi kalbynda barha alawlaýar. Ol hatda «Meni jaýlanyňyzda hem ýüzümi ata Watanyma bakdyryp jaýlaň» diýip, sargyt edýär.
    Bu oýun ösüp gelýän ýaş nesilde Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak, oňa wepaly bolmak ýaly duýgulary ösdürip, tomaşaçylaryň iň bir söýgüli sahna eserleriniň birine öwrüler. Şu günler alnyp barylýan döredijilikli gözlegler, çeper keşpleri göwnejaý janlandyrmak bilen bagly synanyşyklar muňa esas berýär.