«Berkarar» öňdäki orunlarda

    Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsöw çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabat şäherimiziň 17,5 gektarlyk meýdanynda ýerleşýän ägirt uly «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkezi dünýädäki uly gipermarketleriň sanawyndadyr. Dünýäniň «Kaufhaus des Westens», «Westfield Stratford City», «Puerto Venecia», «Istanbul Cevahir», «Vegas», «Berjaya Times Square» we beýleki belli gipermarketleri ýaly «Berkarar» Söwda-dynç alyş merkezi hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin gerekli harytlaryň ähli görnüşleri bilen üpjün edilendir. 
    Dört gatly Söwda-dynç alyş binasyndan, on iki gatly kaşaň işewürlik merkezinden, ýapyk we açyk görnüşli awtoduralgalardan we tehniki binalar-dan ybarat bolan «Berkararda» söwda nokatlary we iri dükanlar bilen bir hatarda attraksionly uly we kiçi oýun zolaklary, çagalar şäherçesi ýerleşýär, buzly meýdança, VIP-zalda 3D, 5D we 5D görkeziş formatly 3 kinozal hereket edýär, bouling, üçin jaýlar, restoranlar, kafeler göz öňünde tutulandyr.