Teneçir

    Onuň  daşky keşbi kejebä çalym edýär. Şaýyň ýerligi kümüşden ýasalyp, ýüzüne bolsa gyzyl çaýylýar. Oňa bir ýa-da üç hakyk gaşy oturdylýar.  Ýüzi bolsa ýokardan aşaklygyna  goýberilen birnäçe «çybyk», «bugdaý» ýaly nagyşlar bilen bezelýär.
    Teneçir – gyzlaryň we gelinleriň çekge tarapyndan tahýanyň, börügiň etegine dakylyp,  gulaklarynyň,  dört örüm saçlarynyň üstünden ýokardan aşaklygyna goýberýän şelpeli şaýdyr 
    Zergärçilik bilen meşgullanan  ata-babalarymyz  milli  şaý-seplerimize dürli  ösümlikleriň, gadymy taryhymyza degişli bolan keramiki gaplardaky janly-jandarlaryň şekillerini siňdiripdirler. Görnüşi  boýunça  kiçeňräk  bolany üçin gürrüňini eden bezeg şaýymyza  teneçir  diýip at beripdirler.