Ýokary hilli hyrydarly önümler

    Mähriban Arkadagymyzyň telekeçilere goldaw bermegi, olara ýeňillikli şertleri döretmegi netijesinde ýurdumyzyň hususy pudagynda et we şöhlat önümlerini öndürýän kärhanalaryň sany artýar. Welaýatlarda we gözel paýtagtymyzda  gaýtadan işleýän kärhanalar döredilip, halkyň isleg bildirýän önümleri dükanlara we söwda merkezlerine giňden ýaýradylýar. 
    Ine, özüniň köp görnüşli önümleri bilen adygan kärhanalaryň biri hem «Täze aý» haryt nyşanly hususy kärhanasydyr. Biz hem bu kärhananyň et we şöhlat önümlerini öndürýän bölüminiň başlygy Begenç Orazow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:
     — Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açyldy. Azyk senagatyny ösdürmegiň, ilatyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzyň bazarlarynda, söwda merkezlerinde, dükanlarynda dürli görnüşli harytlary islendik wagtda elýeterli bahadan tapmak mümkinçiligi döredildi. Bu gün importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek her bir telekeçiniň baş maksadyna öwrüldi. Biziň kärhanamyzyň agzybir işgärleri hem bu maksatdan ugur alyp, öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyny, hil derejesiniň ýokarylygyny gazanmaga uly üns berýärler.   Kärhanada şöhlat önümleriniň altmyşdan gowrak görnüşi, «Oguz», «Adalat», «Büzmeçe», «Nesibe», «Ezber», «Daýanç» ýaly ençeme ýokary hilli şöhlat önümleriniň gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan, buglanan görnüşleri öndürilýär. Arassa, ýokary hilli, ynsan saglygy üçin peýdaly önümlerimiziň müşderileri ýeterlik. Ýurdumyzyň 5 welaýatynyň dükanlarynda  we söwda merkezlerinde biziň önümlerimiz uly islegden peýdalanylýar.  
    Biz et önümlerimiziň belli bir bölegini «Ýedi hazynaly» daýhan hojalygynda ýerleşýän maldarçylyk toplumymyzda idedilýän mallaryň etinden alýarys. Biziň kärhanamyzyň ähli bölümlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp,  ýokary hilli önümler öndürilip, olaryň görnüşleri gün-günden  artdyrylýar. 
    Goý, telekeçilige giň ýol açyp, bize işlemäge, önüm öndürmäge giň mümkinçilikleri döreden mähriban Arkadagymyzyň işleri hemişe rowaç bolsun!