Işewürlige sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesine bagyşlandy

    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işewürlige sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesi boýunça maslahat geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
    Maslahatda döwlet tarapyndan ýurdumyzda hususyýetçiligi goldamaga aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlar pudagynda alyp barýan döwrebap iş usullary barada aýdyldy. Hünärmenleriň IT-tehnologiýalarynyň döwrebap usullarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylyşy, web-saýtlary döretmek baradaky çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar işläp düzen «Zehin», «Akylly şäher», «Akylly terminal» taslamalary bilen tanyşdyryp, maslahata gatnaşanlaryň beren sowallaryna anyk mysallar arkaly jogap berdiler.