Adam bedenini arassalaýan önümler

    Hünärmenler, adam bedenini arassalamaga mümkinçilik berýän önümleriň sanawyny taýýarladylar. Bu barada “RBCUkraina” internet neşirinde beýan edilýär. 
    Alma: bu miweleriň düzümindäki peýdaly maddalar köp sanly mikro bedenjikleri arassalamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, almanyň düzümindäki witaminler wirusly keselleri ýeňip geçmäge kömek edýär.
    Şugundyr: bu gök önüm bagry arassalamaga kömek edýär, şonuň üçin lukmanlar ony islendik görnüşde ulanmagy maslahat berýärler. Şugundyry gaýnadylan, bişirilen, dürli tagamlara we işdäaçarlara goşulan görnüşde iýmegiň peýdasynyň uludygy aýdylýar. 
    Kelem: sowuklama garşy örän peýdalydyr. Aşgazan ýarasy bolan näsaglaryň nahar sanawyna goşulýar. Onuň düzümindäki süýt kislotasy içegäniň saglygyny dikeltmäge kömek edýär.
    Sarymsak: ganyň ýagdaýyny kadalaşdyrmaga kömek edýär, arassalaýar we hatda nikotiniň galyndylaryny bedenden aýyrýar.
    Limon: bedeni arassalamak üçin ýyly suwa limon suwuny goşmak maslahat berilýär. Bu bagry we ýüregi gowulandyrmak üçin ajaýyp iýmitdir. Limon böwrekde daş döremeginiň öňüni almaga hem kömek edýär.