Işde üstünlik gazanmagyň 10 ýoly

    Turuwbaşdan bir zady ýatlaň: häzirki işiňiz ― siziň mümkinçilikleriňiziň menzili. Has başarjaňlyk görkezip, mümkinçilikleriň ýoluny ýene-de dowam etdirip bolar. Nädipmi?!Ine, şu ýazgylarymyz bilen şol sowala jogap bermäge synanyşdyk.
    Güýç-gaýratyny gaýgyrman, yhlas edip işleýän adam yhlasynyň miwesini almaga hem mynasyp. Iş ýerinde üstünlik gazanmak onuň hem paýy. Käte işde nähilidir bir üstünlige ýetmek üçin yhlasdyr bilimden başga-da, nämedir bir zatlaryň ýetmeýändigi görünýär. Ine, şol ýetmezçilikler:

    1. Eger häzirki işiňizde garaşýan üstünligiňize ýetip bilmejekdigiňize ynansaňyz, işiňizi özgerdiň! Belki, siz öz ukyplaryňyza çapraz gelýän ýerde işleýänsiňiz. Beýle bolsa, onda, hakykatdan hem, üstünlik gazanmak bilen siziň araňyz juda uzakdyr. Şonuň üçin ilkinji ädimi işiňiz hakynda çynlakaý oýlanmakdan başlaň! Bu meselede başgalaryň garaýşy has peýdaly bolup biler. Eger işler şowuna gitmeýän bolsa, kärdeşleriňizden öz kemçilikleriňiz barada soraň! Eger bar bolsa, olary düzetmäge synanyşyň. Eger iş sizi şonda-da kanagatlandyrmaýan bolsa, onda öz ukyplaryňyza laýygyny gözläbermeli bolar.
    2. Arakesmeden netijeli peýdalanyň! Arakesmede sosial torlaryň birine «çümüp» ýa-da telewizora tomaşa edip hem oturyp bolar. Ýöne işiň görnüşini üýtgedip hem dynç alyp bolýar. Şonuň üçin hem arakesmede nämedir bir zat okasaňyz ýa-da internetden bir peýdaly maglumat gözleseňiz, geljekki üstünlikler üçin has ähmiýetli bolmazmy?!
    3. Ähli işi özüňiz etjek bolmaň! Owunjak işleri töweregiňizdäkiler hem edip biler. Siz bolsa has uly işler bilen meşgullanyň!
    4. Işiň maksadyna düşüniň we tejribeleri öwreniň! Biler bolsaňyz, häzir internetde işiň ähli görnüşi boýunça kämilleşdiriş wideosapaklary juda elýeterli. Şolara ünsli syn etmek siziň üçin has peýdaly bolup biler. Ol hem tejribedir. Hatda edýän işiňden lezzet almagyň ilkinji şerti hem tejribedir. Tejribäň ýetik bolsa, işiň kyny ýok.
    5. Özgerişlere açyk boluň! «Dünýäni özgertmegi özüňden başlamaly» diýen söz siziň hem gulagyňyza degendir. Kemçiliksiz adam ýok, diýmek, her birimizde düzedilmeli hereketler bardyr. Ine, şony öwrenip, düzetmäge çalşyň! Munuň örän uly nepiniň bardygyny wagt görkezer.
    6. Çekinjeňlikden daşlaşyň! Belki, edarada siziň ukyplaryňyza laýyk bir iş orny boşandyr. Şol işde üstünlik gazanjakdygyňyza ynanýan bolsaňyz, başlygyň gapysyny kakmak asla aýyp däl.
    7. Daşky görnüşiňize ünsli boluň! Işe hemişe arassa we özüňiz üçin oňaýly eşik geýip geliň. Gyş günlerinde köwşüňize ýapyşan palçykdyr gar hem edarada siz barada ters täsir döredip biler.
    8. Işden ir gitmäň! Tersine, ýarym, bir sagat çemesi ýene-de işde güýmeniň. Täsin ýeri, goşmaça sagatlarda iş öndümli hem bolýar. Ýöne juda gijä-de galmaň, maşgala hemişe ilkinji orunda bolmalydyr.
    9. Iş bilen dynç alşy sazlaşdyryň! Näçe köp işleseňiz, şonça-da köp dynç alyň! Maşgalaňyz bilen ýakyndaky seýilgählerde gezelenç etmek hem ýakymly. Lezzetli dynç alyş ertir işe has höwesjeň ýapyşmagyňyza täsirini ýetirer.
    10. Teklip bermekden ýaýdanmaň! Eger edaranyň işine täsir etjek teklipleriňiz bar bolsa, bu barada ýolbaşça aýtmakdan çekinmäň! Kim bilýär, siziň üstüňiz bilen tutuş edara uly üstünlige ýetip biler. Şol üstünlikden hökman size-de paý ýeter.
                                        * * *
    Ynha, biziň okan maglumatlarymyzda-ha şeýle diýilýär. Ýöne iň esasy başga bir zat bar. Siz maksadyňyzy aýdyňlaşdyrmaly. Iş siziň üçin girdeji çeşmesimi ýa-da durmuşda bir zatlary gazanmagyň serişdesimi? Ýöne işdäki üstünligiň öz ýany bilen abraýdyr girdejini hem alyp gelýändigini ýatdan çykarmaly däl. Siz muny başararsyňyz!