Mekdeplerde robot tehnologiýasy

    Hormatly Prezidentimiz orta bilim berýän mekdeplerde innowasiýalaryň we täzeçe çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Çünki ýurdumyzyň abraýyny artdyrjak hünärmenler ilkinji bilimlerini ak mekdeplerde alýarlar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz 8-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary hem-de bilim ministri bilen geçiren iş maslahatynda umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde okuwçylaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagyň wajypdygyny bellemegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle ugra ýöriteleşen mekdepleriň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň dünýäniň innowasion ösüşi bilen aýakdaş gitmegine itergi berjek ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam eder.