Psiholog mugallymyň wezipesi giriziler

    Berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmekde mekdep psihologiýasyna aýratyn orun degişlidir. Okuwçylaryň psihologik aýratynlyklaryny öwrenmek okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede guramaga mümkinçilik berýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de bilim ministriniň gatnaşmagynda 8-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz bu meseläniň üstünde durup geçdi. Şoňa laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwreniler.