Prezident okuwçy haky dörediler

    Bu teklibi hormatly Prezidentimiz 8-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary hem-de bilim ministri bilen geçiren iş maslahatynda öňe sürdi. Okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan hem-de tapawutlanýan ýokary synp okuwçylaryna Prezident okuwçy haky gowşurylar. Şonuň netijesinde okuwçylaryň zehiniň artmagyna, okuwda üstünlik gazanýan çagalaryň sanynyň köpelmegine şert dörediler. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen okuwçylaryň arasynda şeýle höweslendirmäniň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşine geljekde mynasyp goşant goşjak ýaş zehinleri has aýdyň ýüze çykarmaga ýardam eder.