Çagalar guramasy dörediler

    Hormatly Prezidentimiz 8-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de bilim ministriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bu meseläniň üstünde durup geçdi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, milli Liderimiz orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi. Dogrudanam, 7 — 14 ýaşly okuwçylary özünde birleşdirjek çagalar guramasy dürli ugurlar boýunça täze-täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berer.