«ATA WATAN ESERLERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI

    Ýaňy-ýakynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «www.atavatan-turkmenistan.com» saýty tarapyndan  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Ata Watan eserleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Onda ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
    Mälim bolşy ýaly, «Üstünlik gazanmagyň ýollary» mowzugy esasynda guralan bu bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijelerine hem-de ýaryşa gatnaşýan awtoryň makalasynyň internet saýtynda okalan sanyna laýyklykda ýeňijiler mälim edildi. Netijede «Üstünlige ýetmek üçin...» atly makalasy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby Döwletgeldi Ilgeldiýew 1-nji baýrakly orna mynasyp boldy we gymmat bahaly sowgat bilen sylaglanyldy.