DINOZAWRLARYŇ YZLARY

    Ýakynda türkmen alymlary A.Nigarowyň, P.Esenowyň hem-de italýan paleontologlary F.Fantiniň, M.Kontessiniň “Ýokary Ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistanyň çägindäki paleontologiýa tapyndylary” atly ylmy maslahat geçirildi. 
    Ýurdumyzyň belli alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyş edenler kitabyň dinozawrlaryň aýak yzlaryny ylmy taýdan öwrenmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler. Kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi daşary ýurt alymlaryň hem-de syýahatçylaryň ýurdumyzda ýerleşýän tebigat täsinliklerine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminde dinozawrlaryň aýak yzynyň gipsden ýasalan nusgasy bar. Ol bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.