Syýahatyň täsirinde...

    Ösüşlere beslenýän eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy halkymyza   düşündirmekde uly işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli mirasymyzy öwrenmeklige we wagyz etmekde    aýratyn ähmiýet berilýändigi nazara alnyp, golaýda Mary welaýat prokuraturasynyň guramagynda welaýatyň prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda  ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna gezelençler guraldy. 
    Bu ýerde işgärler gadymy Merwiň şäher-galalary, Soltan Sanjaryň kümmetiniň baý taryhy bilen tanyşdylar. Gezelenje gatnaşyjylar tejribeli işgärlerimiziň gadymy Merwiň taryhyny beýan edýän gürrüňlerini   uly gyzyklanma bilen diňlediler. Şeýle hem gezelençde  «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplary  düşündirildi.
    Syýahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we geljegini baglanyşdyrýandygy, ýaş işgärlerimizi watançylyk duýgusynda terbiýelemekde, ruhlandyrmakda, raýatlarymyzda şu günki ösüşlere buýsanç, gelejege ynam döretmekde  ähmiýetiniň uludygy, bu ýerde toplanan milli mirasymyzyň bolsa halkymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmekde egsilmejek hazynadygyny buýsanç bilen bellediler.  
    Milli mirasymyzy öwrenmekde we halkymyza ýetirmekde  uly mümkinçilikleri döredýän Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.