Kämil nesil — sagdyn jemgyýet

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýyl okuwlaryny tamamlajak ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek bilen bagly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda dürli hünär boýunça bilim alýan ýaşlaryň özleriniň taýýarlamagynda sergi guraldy. Dürli pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirilip, onda söz sözlänler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, durmuşda öz ýollaryny tapmaklary we şahsyýetini kemala getirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellediler. Hormatly Prezidentimiz döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli her bir tutumly işde ýaşlaryň aýratyn ornunyň bardygyny, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda bolup geçýän özgerişlikleriň içinde ýaşlaryň işjeň ornunyň bolmalydygyny aýdýar. Ýaşlaryň höwes eden hünäri boýunça işläp, okgunly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaklary üçin şertleri döredýär. 
    Çärede dürli pudaklaýyn edaralaryň we gulluklaryň wekilleriniň köplügi, olaryň şu ýokary okuw mekdebini tamamlajak ýaş uçurymlara uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdi. Şu ýyl Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bakalawr derejesinde 16 hünär boýunça bilim alýan ýaşlaryň 332-siniň hem-de magistr derejesinde 2 hünär boýunça 46-synyň okuwlaryny üstünlikli tamamlamaklaryna garaşylýar. Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri, halkara hukugy we halkara gatnaşyklary, halkara ykdysadyýeti we menejment, maglumat tehnologiýasy fakultetlerinde dürli hünär bilimlerini alan ýaşlaryň ylymly, giň dünýägaraýyşly we başarjaň bolup ýetişmekleri üçin tagallalar edildi. Uniwersitetde okuwlar halkara derejesinde iňlis dilinde alnyp barylýar. Talyplaryň iňlis dilinde sapaklary özleşdirmekleri olaryň bu dili kämil derejede bilmeklerini üpjün edýär. Şonuň üçin-de işleri daşary ýa-da halkara görnüşde alnyp barylýan edara-kärhanalaryň wekilleri bu çärä uly ähmiýet berdiler.
    Günsaýyn özgerýän ýurdumyzda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň edýän çäksiz aladalaryny duýup ýaşaýarlar. Olaryň öz isleg bildiren ýerlerinde zähmet ýoluna başlamaklary, döwlet we hususy pudaklarda işlemekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Dünýä ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny goldap, ýurdumyzyň giň gerimli ösüşlerine itergi bermäge öz mynasyp goşandyňy goşmak her bir ýaş nesliň baş maksady bolmalydyr.