Arzuw gämisi

    Ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly powesti esasynda sahnalaşdyrylan adybir spektaklyň görkezilişi boldy.  Bu oýny Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew sahnalaşdyrdy.
    Gyrgyz halkynyň durmuşyndan söhbet açýan täze spektaklyň many-maňzy ynsanyň ruhy-ahlak gymmatlyklary dogrusynda. Şol sebäpli bu spektaklda beýan edilýän wakalar halk hakydasynda ebedi galan rowaýatlardan gözbaş alyp, şeýle gymmatlyklar arkaly tomaşaçylarda mukaddes duýgulary oýarmak ýaly oý-pikirlere esaslanýar.  
    Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow bilen suratkeş Mekan Annamyradowyň bu eseri içgin özleşdirendigi mese-mälim duýulýar. Dag eteginde ýerleşýän gyrgyz obasyna mahsus öýler hem-de Nurgazynyň arzuw edýän ak gämisiniň şekiliniň sahnada häli-şindi diýen ýaly görkezilmegi eserde  beýan edilýän wakalary janly ýaly kabul etmäge mümkinçilik döredýär. 
    Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Arçikowyň janlandyran Mömin agasy halkyň ruhy-ahlak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirmäge çalyşýan ýaşulynyň keşbi. Şeýle-de A.Sallandyýew, D.Hojageldiýew, G.Hojamämmedowa, G.Meňliýewa, S.Täşliýewa, A.Gutlyýew, S.Täçmämmedow, Ş.Saparow ýaly artistler, Nurgazynyň keşbini janlandyran S.Berdiýew spektaklda beýan edilýän wakalaryň täsirli bolmagynda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmandyrlar.