Güller — ak şähere mukam

    Bagtyýar halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýädäki ähli gowulyklardan serpaýly hem sagdyn bolup, uzak ýyllar eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda il-ýurt, Watan bähbitli beýik işleri dabaralandyrýan, ähli il-ulsumyzy bagtyň altyn şuglaly ak ýollaryndan öňe tarap alyp barýan Gahryman  Arkadagymyzyň yhlasly aladalary bilen ýurdumyzda her ýylda müňlerçe düýp bag nahallary ekilip, töwerek-daşymyz bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Milli bahar baýramynda Gahryman  Arkadagymyzyň  ynsan hem-de onuň  bähbitleri, sagdyn, bagtyýar ýaşamagy baradaky ynsanperwer işlerden gözbaş alýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga bermegi hem ynsan hakdaky aladanyň ýurdumyzyň baş syýasatyna öwrülendiginiň anyk mysaly boldy. Hemişe halkymyzyň aladasy bilen ýaşaýan eziz Arkadagymyzyň  Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak üçin  iş saparynda bolmagy, çöl ösümlikleriniň ynsan saglygyna oňaýly täsirleri baradaky  aýdan peýdaly maslahatlary halkymyzy begendirdi. 
    Uzak gözýetimde howalanyp görünýän jerenli, keýikli, käkilikli dag-depelerimiz, durnaň gözi ýaly dury suwly çeşme-çaýlary lummurdap akýan jülgelerimiz, uzaklara ýaýylyp gidýän jümjüme gülli, gülälekli, owlak-guzularyň bökjekläp otlaýan Garagum sähralarynda bahar paslynyň nura beslenen jana tenekar howasy kalbyňa melhem bolup, güýjüňe-güýç goşýar. Öz mähriban Watanyňa bolan söýgiňi joşdurýar. Çöl ösümlikleriniň täsin dünýäsini özünde jemleýän sergin howaly sähralyga gezelenje çykan ynsanlaryň ýüregi giňäp, göwni çaglanýar, duýgularynda özboluşly tebigy sazlaşyk emele gelýär-de, dünýäsi giňäp, kalbyny täze ylham-joşguny gaplap alýar...
    Şeýle oý-pikirlere gümra bolup barşyma Köpetdag etrap Bagçylyk müdirliginiň bagbanlarynyň tagallasy bilen  arassa we abadan saklanýan mekan bolan Mustafa Kemal Atatürk adyndaky seýilgähe ýetenimi hem duýmandyryn. 
    Giňişlige uzalyp gidýän seýilgähiň içindäki ýagtylyk beriji çyralaryň owadan görnüşde bolmagy buýsanjyňy has-da artdyrýar.
    — Meniň ýolbaşçylygymdaky toparlar «Aşgabat» we başga-da birnäçe seýilgählere hem hyzmat edýärler. Köpetdag etrabyndaky käbir köçeleriňem güllerini, baglaryny suwaryp, otap, ideg işlerini alyp barýarys. Ol ýerlere möwsümleýin gülleri ekýäris. Baglary owadan görnüşe salyp, gyrkyp timarlaýan bagbanlardan Isamyrat Jümmiýew, Hemra Egiýew, Bäşimguly Ataýew dagy öz işleriniň hakyky ussatlary. Biziň toparymyzyň bagbanlary mähriban paýtagtymyzy owadan güllerdir baglar bilen bezemekde hem gaýratly işleýärler. Ýaprakly we pürli baglary ekmäge işeňňir gatnaşýarlar. Golaýda «Ene mähri» seýilgähine gülleri we baglary owadanlap ekmekde şägirdimiz Tawus Saparowa öz ussatlygyny görkezdi. Biz mundan beýlägem mähriban paýtagtymyzyň seýilgähleriniň owadan güllerdir baglar bilen bezelmegine öz goşandymyzy goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekeris — diýip, Köpetdag etrabynyň Bagçylyk müdirliginiň 3-nji toparynyň ýolbaşçysy, 2-nji derejeli ussat bagban Gunça Ýazmedowa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.