Iki hepdelik okuw

    Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek, olaryň watansöýüjilik duýgularyny güýçlendirmek  maksady bilen ýörite meýilnama laýyklykda «Hünär ussatlygy — kämilligiň kepili» ady bilen iki hepdelik okuw sapaklaryna badalga berildi. Onuň dowamynda kazyýet işgärleriniň etikasy bilen bir hatarda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak dogrusynda sport çäreleri hem geçiriler.