Muzeýde goýuldy...

    “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylymyzyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy. 
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ol ýerdäki ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, nyşana ok atdy. Milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili içeri işler ministrine gowşurdy. Bu özboluşly sowgat, taryhy ýadygärlik muzeý gymmatlygy hökmünde ministrligiň muzeýinde ýerleşdirildi.