3 müň tonna golaý tohumlyk çigit taýýarlanyldy

    Çärjew etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda 2019-njy ýylyň pagta hasylyndan tohumlyk çigidiň 2817 tonna golaý möçberdäkisi taýýarlanyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. 
    Gowaça ekişinde tohumlyk çigitleri ekmäge taýýarlamakda ulanylýan «P-4» dermanlyk serişdeleriň gerek bolan möçberdäkisi bilen daýhan birleşikleri doly üpjün edildi.
    Kärhananyň hünärmenleri ekişiň öz möhletinde geçirilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Gowaça ekişi bilen meşgul bolýan zähmet adamlarynyň amatly iş we dynç alyş şertleri hem üpjün edilýär.