Muzeý gymmatlyklarynyň üsti ýetirildi

     Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly gymmatlyklary toplamak, öwrenmek we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek babatda asylly işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda muzeýiň işgärleri welaýatymyzyň dürli künjeklerinde iş saparynda boldular. Saparyň netijesinde, irki döwürlerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, milli senetçilik sungaty, el hünäri we öý-hojalyk işlerinde ulanylan iş gurallary toplanylyp, muzeýiň maddy-medeni gymmatlyklarynyň üsti ýetirildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan dokma gurallaryna degişli keser, ýüň darak, Gubadag etrabyndan agaç tabak, tir, soky, ataşgir ýaly öý-hojalyk gurallary, Boldumsaz etrabyndan syrçaly kerpiç bölegi, Görogly etrabyndan juwaz, gor küýze ýaly halkymyzyň durmuşynda möhüm wezipeleri ýerine ýetiren maddy gymmatlyklary öz elleri bilen tabşyran welaýatymyzyň raýatlary muzeýiň miras gaznasynyň baýlaşmagyna öz goşantlaryny goşdular.