Öňdebaryjy tejribe önümçilikde

    Görogly etrabynyň “Zaman” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azat Uraýew mundan iki ýyl çemesi mundan öň bu ýerdäki köne fermanyň jaýyny kärendesine alyp, onda biofermentatoryň gurluşygyna girişdi. Şu wagta çenli bu ýerde gurluşyk işleriniň köp bölegi berjaý edildi. Şonuň ýaly-da biofermentatoryň birinji bölüminde bellenilen önümleri öndürmeklige şert döredildi. 
    Bu ýerde esasan bikompost hem-de biogumus dökünlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Biokompost döküniniň aýratyn gymmatlylygy onuň ösümligiň islendik görnüşi üçin iň amatly iýmit maddalaryny saklaýandygydyr. Bu dökün ösümlikleriň galyndylaryndan, durmuş çykyndylaryndan, mallaryň dersinden, toprakdan emele getirilen garyndy bolup, onuň ekin, önüm üçin hiç hili zyýanly täsiri ýokdur. Gaýtam ol töweregimiziň arassa, tämiz bolmagyna kömek edýär. Meselem, agaçlardan gaçan ýapraklary ýa-da meýdanlardan ýygnalan çöp-çalamlary bu döküni taýýarlamakda ulanmak mümkin. Ol özüniň iýmitlik häsiýetleri boýunça biokompost beýleki ýerli dökünlerden öňe geçýär.
    Biogumus döküni biokompost gurşawynda ýagyş gurçuklarynyň ýaşamagy bilen döredilýän dökün bolup, ol ekinleriň hasyllylygyna has netijeli kömegi bilen tapawutlanýar. Onuň peýdalanylan meýdanlarynda topragyň ekologiýa taýdan arassalygy ýokary bolýar.
    Biofermentatorda şeýle dökünleri öndürmek bilen birlikde, olary synagdan geçirmek boýunça hem iş alnyp barylýar. Geçen ýyl onuň çägindäki öň ulanylmaýan, topragy agyr şorlaşan ýerde gowaça, bugdaý, şeýle hem gök, bakja ekinleri ýetişdirlipdir. Şu işleriň barşynda meýdançanyň topragynyň düzüminiň gowulanandygy, onuň hasyl bermäge ýaramly bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi şu dökünleriň ulanylmagynyň hemmetaraplaýyn netijeli bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.