Oguz hanyň tagmalary tapyldy

    Milli Liderimiziň badalga bermeginde Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky gadymy Akýaýla obasynyň golaýynda ýerleşýän Kazy şäherinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde Oguz hanyň Aý han oglundan bolan uly agtygy Ýazyryň bişen kerpijiň ýüzüne haşamlanan  tagmasy tapyldy. Ýeri gelende bellesek, bu täsin mazmunly nyşan barada XV asyrda ýaşap geçen taryhçy Ýazyjyoglunyň «Oguznama» eserinde ýatlanylyp, onuň Ýazyr hanyň tagmasydygy tassyklanylýar. 
    Orta asyr Kazy şäherinden tapylan, ýüzüne tagma haşamlanan inedördül kerpijiň ölçegleri  22x22x4 santimetre deňdir. Kerpijiň ýüze çykarylan ýerindäki binagärlik we  küýze önümlerinden, şeýle hem,  kerpijiň ölçeglerinden, ýasalyş usullaryndan  çen tutsak,  bu tapyndy XI —XII asyrlara degişlidir.