«Täç hil» üzärlikli suwuk sabynyň önümçiligine girişdi

    Polietilen torbalary öndürmek bilen hususy pudakda öz işini ýola goýan «Täç hil» hususy kärhanasy önümçiligini giňeldip, häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň, ýuwujy we tämizleýji serişdeleriň hem dürli görnüşlerini öndürýär.
    Hususy kärhana geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze önümhanany işe girizdi. Önümhana önümçilik kuwwaty polietilen torbalaryň bir gije-gündiziň dowamynda 1,5 — 2 tonnasyny, çygly süpürgiçleriň 28 müňe golaýyny, ýuwujy serişdeleriň hem 26 müň sanysyny öndürmäge niýetlenen iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Ol ýerde häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň 26 görnüşi bilen birlikde, ýokary hilli ýuwujy serişdeleriň dürli görnüşleri, ýagny gap-gaç ýuwujy serişdeleriň 6 görnüşi, suwuk sabynlaryň hem 5 görnüşi öndürilip, elýeterli bahalardan halkymyza hödürlenýär.
    Hususy kärhana halkara hil standartlarynyň laýyklyk güwänamalarynyň 6-sy gowşuryldy. Bu bolsa kärhanadaky önümçiligiň ýokary hiline şaýatlyk edýär. Şeýle bolansoň, dünýä bazarynda hem «Täç hiliň» önümlerine isleg ýokary. Geçen ýyl olaryň aglaba bölegi goňşy ýurtlara — Eýrana, Gazagystana, Owganystana, Özbegistana, Azerbaýjana we Gyrgyz Respublikasyna eksport edildi.
    Häzirki wagtda bu ýerde täze önümler hem barlagdan geçirilip, önümçilige girizilmäge taýýar edildi.  Tä önümleriň biri hem içinde üzärlik dänejikleri gaýyp ýören suwuk sabynlardyr. Ony ulananyňda, üzärligiň ýakymly ysyny alýarsyň. Hususy kärhananyň hünärmenleriniň oýlap tapan bu önümi, türkmen tebigatynyň derde derman otunyň bu önümçilikde ulanylmagy, hakykatdan-da, täzelik hem täsinlik. Bu tebigy önüm, şeýle-de, onuň limonly görnüşi zyýanly bakteriýalardan goramak bilen birlikde, bejerijilik häsiýetine-de eýedir.
    Umuman, hususy kärhanada «Körpejik», «Brilliant», «Gül», «Awaza», «Ýüpek ýoly», «Keşde», «Kebelek» ýaly çygly süpürgiçleriň we suwuk sabynlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu önümler halka we eksporta «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» haryt nyşany bilen hödürlenilýär.