67 müňe derek 77 müň...

    Garagum etrabynyň şugundyrçy kärendeçileri «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýärler. Geçen ýylky ýygnalan galla hasylynyň yzyna bada-bat gant şugundyryny eken kärendeçileriň bir topary 5 müň gektar meýdanda bitginli hasyly kemala getirip, welaýatda ilkinjileriň hatarynda ýygyma girişdiler we sebitde öňdäkileriň hatarynda meýilnamalaýyn tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Tabşyryk berjaý edilende, göz öňünde tutulan 67 müň 200 tonna derek, 77 müň 993 tonna gant şugundyryny ýygnamagyň hötdesinden gelindi. Gant şugundyryny öndürmek baradaky meýilnamasyny 208 göterimden gowrak ýerine ýetiren «Garagum kanaly», ýylyň tabşyrygyny 150 göterime golaýladan «Türkmenistan», şugundyr harmanyna 19 müň 377 tonna hasyl goşan «Baýramaly» daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň nusga alarlyk iş bitirendiklerini aýtmak gerek.