Jana şypaly içgi   

    Jana şypaly düýe çaly we agarany halkymyzyň milli gymmatlygy, saçagynyň bezegi. Ol diňe bir teşneligini gandyrman, eýsem bedende suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Özüne mahsus bolan özboluşly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan düýäniň süýdi we çaly örän peýdaly önümdir. Düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini togtadýan kömür we süýt turşularynyň saklanmagy düýäniň süýdüniň, çalynyň peýdaly taraplaryny açyp görkezýär.
    Düýe çalynyň bedendäki täsiri garynasty hem-de içege mäzlerini beden üçin zerur maddalary işläp çykarmaga itergi berýär. Onuň düzümindäki aminoturşular holesterini we ýaglary dargadýar. Düýe çalynyň düzümine С hem A witaminleri, B witaminler topary girýär. Mundan başga-da, düzüminde köp mukdarda beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, kalsiniň, magniniň, fosforyň, ýoduň bolmagy onuň bedeniň ähli ulgamlarynyň we agzalarynyň sazlaşykly işlemegine getirýär. Sary getirmäni, bagryň we öt haltanyň gaýnaglamasyny bejermekde, ýüregi kuwwatlandyrmakda, çişleri çalt gaýtarmakda düýe çalynyň ähmiýeti uludyr. Jana şypaly bu içgi iglemede (rahitde) em hökmünde peýdalanylyp, ganda gemoglobiniň mukdaryny köpeltmäge-de ýardam edýär. Böwrek, nerw kesellerinde, ysgynsyzlykda, ganazlykda düýe çalyny içmek maslahat berilýär. Düýe çalyny içýän adamlaryň ukusy kadalaşýar, şähdi mydama açyk bolup, ýürek damarlarynyň, iýmit siňdiriş agzalarynyň işi kadalaşýar, kesellere garşy göreşmek ukyby berkeýär.
    Düýe ýüňünden örülen guşak garyn boşlugynda ýerleşýän ulgamlary ýyly saklaýar, peşew haltasynda, böwreklerde, içegelerde sowuklama keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da, düýe ýüňünden örülen guşak bil-oňurga süňkleriniň gyşarmagynyň, oňurgada duz ýygnanmagynyň, ingi keseliniň döremeginiň öňüni alyp, guragyryda agyryny köşeşdirýär.
    Türkmen ojagynyň mukaddeslikleriniň biri bolan düýe ýüňünden dokalan saçak çöregi zaýalaman, heňletmän saklamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, çöregiň içindäki suwuklygy özüne çekip, onuň gatamagyna täsirini ýetirýär. Guradylan, kakadylan çörek bolsa aşgazanyň, aşgazanasty mäziň, bagryň, içegäniň, öt haltanyň kesellerinde peýdalydyr.