Sürüjiler wagtlaryny tygşytlar

    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda öňde duran wezipeleri takyk ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Şu nukdaýnazardan häzirki wagtda sürüjiniň jerimelerini tölemegi üçin ykjam telefonyndan hem peýdalanmak mümkinçiliginiň döredilendigini aýratyn bellemelidiris. Mysal üçin, «PÝGG Tölegleri» atly programma Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň administratiw jerimelerini tölemekde sürüjiniň işini düýbünden ýeňilleşdirer. Bu programma tölegleri aňsat we tiz amala aşyrmakda ynamlydyr. Ilki bilen ady agzalan programmany ulanjak sürüji telefonyna baglylykda Google Play Marketden ýa-da App Storeden ýükläp, şahsy telefonyna gurnanyndan soňra oňa özüniň telefon belgisini ýazmalydyr. Şol wagt sms habary arkaly gelen kody ýazyp, programmany ulanmaga başlap biler. Bu töleg tertibi ýönekeý we sada görnüşde işlenilip taýýarlanylandyr. Şu görnüşde jerimeleri tölemek sürüjileriň öz wagtyny tygşytlamaklaryna ýardam berýär. Töleg geçirilende salnan jerimäniň möçberi, kararyň belgisi, telefon belgisi (sms habar ibermek üçin) we töleýjiniň ady we familiýasyny görkezmek zerurdyr. Çünki agzalan maglumatlar bellenilen tertipde işlenilip, oňyn hasaplaşyk geçirilmegine getirýär.