Habary seleň dagly Çandybilden alsaň...

    Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen dabaralanýan, türkmen döwletiniň beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän, gurmagyň we döretmegiň jadyly gudraty bilen tanyş bolarsyň.  Nesip bolsa, ýakyn wagtlarda gojaman Köpetdagyň baýyrlyklaryna bezeg berýän, Çandybil we Köpetdag şaýollarynyň ugrundaky binalaryň sany artyp, bu mekanda aýlaw görnüşli, täsin binagärlik keşpli "Arkadag" myhmanhanasynyň, Halkara Maslahatlar merkeziniň, Hökümet münberiniň kaşaň binalary, "Türkmenbaşy" dowlet tüjirçilik banky, "Senagat" paýdarlar tüjirçilik banky, Bekrewe ýolunyň ugrunda häzirden gözel görke gelen Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezi açylyp ulanmaga berler. Nesip bolsa täze tehniki we multimedia enjamlary bilen üpjün edilýän Halkara Maslahatlar merkezinde ýokary derejeli forumlary, duşuşyklary we gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny, resminamalara gol çekmek dabaralaryny geçirmek üçin ähli şertler dörediler. 
Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurulýan beýikligi 35 metr, aýlawynyň diametri 80 metr bolan taslama -  Welosiped binasy bolsa türkmenistanlylaryň sport hereketine höwesini we ygrarlylygyny, beýik ösüşlere hem-de rowaçlyga ymtylyşyny dabaralandyrar. Häzirki wagtda bu binalarda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň binagärlik özboluşlylygyna aýratyn öwüşgin çaýýan bu desgalarda dünýäniň iň täze tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýanlygy bolsa  aýratyn buýsandyryjydyr. Şeýle hem bu döwletli binalaryň daş-töwereginiň gür bagy-bossanlyga bürenmeginiň, gülzarlyga beslenmeginiň üpjün edilmegi Çandybile  ýoly düşen  adamyň dilinde "ýene bir gelsem, görsem" diýen arzuwly sözleri kalbynyň senasyna öwürer.