HOŞ HABAR

    Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň internet web-saýtynda yglan edilen «Mirasym bar — sarpam bar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlar gatnaşdylar. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esger Garahanjar Baýhanow hem gatnaşyp, baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.