ASYLLY DÄBE EÝERIP

    «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly ganatly şygaryň astynda erkana durmuşyň eşretini görýän halkymyzyň saglygyny goramak döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary we başlangyçlary bilen saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk desgalary gurulýar. Durmuşa geçirilýän giň göwrümli, belent maksatly tutumly işler we sagdyn durmuş ýörelgesi bilen bagly çäreler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet birikmelerinde we harby bölümlerinde sport çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.  Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynyň we beýleki harby bölümleriň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna geçirilen ýöriş hem aýratyn bellärliklidir. Onda serhetçi türgenleriň görkezme çykyşlary we milli sport oýunlary boýunça guralan ýaryşlardyr dürli bäsleşikler harby gullukçylaryň ruhlaryny galkyndyrdy.