Göçme okuw sapagy guraldy

    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri zamanabap milli ruhda terbiýelemek, olaryň hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini gazanmak babatda öňde goýýan wezipelerini amal edip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärler boýunça ylmy merkezler, gurnaklar hereket edýär, şeýle-de professor-mugallymlar tarapyndan göçme okuw sapaklary guralyp durulýar.
    Şeýle göçme okuw sapaklarynyň biri ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan guraldy. Onda bu ýokary okuw mekdebiniň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlary ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan «Aşgabat — Türkmenabat» häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň başlanýan ýerine baryp, talyp ýaşlary bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, onda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň aýratynlyklary, maşyn-mehanizmleriň görnüşleri, olaryň ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdyrdylar we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda alnyp barylýan şular ýaly uly gurluşyklaryň ähmiýeti barada baý maglumatlary berýän sapaklary guradylar.
    Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hyzmatdaş ýurtlar bilen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň çäklerinde, milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şunda taryhy taýdan gysga döwrüň dowamynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamynda asyrlara barabar ösüşleriň gazanylandygy buýsandyryjydyr.
    Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy örän möhüm gurluşyklaryň hatarynda görkezildi. Gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýan «Aşgabat — Türkmenabat» häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýoly 2023-nji ýylda doly gurlup ulanylmaga berler. Bu ýoluň gurluşygy 3 tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen aralygy 2019 — 2020-nji ýyllarda, ikinji tapgyrda Tejen — Mary aralygy 2022-nji ýylyň dekabryna çenli, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat aralygy 2023-nji ýylyň dekabrynda işe giriziler.
    Institutyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyp ýaşlary «Aşgabat — Türkmenabat» häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň iki kilometre uzaýan ýerinde ýol hereketine wideogözegçiligi amala aşyrjak awtobanyň töleg terminalynyň dolandyryş binasynyň gurluşyk işleri, ýol gatlaklary üçin zerur bolan materiallaryň aýratynlyklary, daş materiallaryny sortlaýjy maşynlaryň ýerine ýetirýän işleri we ýol üçin ulanylýan daş materiallarynyň ölçegleri bilen tanyşdylar, şeýle-de fakultetiň Geodeziýa kafedrasynyň talyplary, halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylyk etmekliginde, ýörite geodeziýa ölçemelerini ýerine ýetirdiler.
    Taslama laýyklykda, ýol düşegi köp gatdan ybarat bolar. Birinji düşek iri daşly bolup, onuň üstüne 30 santimetr beýiklikde 2 gat çägeli çagyl düşelýär. Dykyzlanandan, basgylanandan soň, indiki 20 santimetr galyňlykda bolan çägeli çagyl düşelýär we şondan soň 3 gat asfalt bilen örtülýär. Asfaltyň 3 gatlagynyň birinjisi 10 santimetr beýiklikde iri däneli garyndyly, ikinjisi 7 santimetr gyzgyn garyndyly we üçünjisi üstki gatlagynyň beýikligi 5 sm gyzgyn ownuk däneli asfaltdyr. Ýoluň asfalt bilen üpjünçiligini «Hyzmat» merkeziniň asfalt-beton taýýarlaýjy zawody üpjün edýär. Zawod ýoluň 23-nji kilometrinde ýerleşýär. Her 200 metre 1 müň tonna golaý asfalt sarp edilýär.
    Awtobanyň başlanýan ýerinde bir menzil aralyga «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary nusga hökmünde ýoluň doly taýýar görnüşini ýerine ýetiripdirler. Şeýle-de ýoluň ugrunda, ýol hereketine päsgelçilik döretmezden, ýörite suw akabalary geçirildi. Haýwanlaryň we zerur bolan halatynda ýeňil awtoulaglaryň ýoldan geçmeklerine mümkinçilik döretmek üçin ýoluň ugrunda ýörite köprüler we geçelgeler gurulýar. Hünärine laýyklykda, fakultetiň «Köprüler we ulag tonnelleri» hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary şol köprülerde we geçelgelerde alnyp barylýan işleri öz gözleri bilen synlap, şol işleri ýörite hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmekliginde, ýerine ýetirip hem gördüler.
    Ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan şu hili guramaçylykly çäreler, guralýan dürli görnüşli sapaklar talyp ýaşlaryň zamanabap tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli, ylymly we tejribeli hünärmenler bolup ýetişmeklerine, olarda belent adamkärçilik, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, gaýratlylyk, zähmetsöýerlik sypatlarynyň jemlenmegine ýakyndan ýardam berýär.
    Biz ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň zamanabap bilimli we terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!