Sergi Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar

    Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Sagdyn durmuş ― bagtyň gözbaşy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Bu sergi welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde gurnaldy.
    Serginiň açylyş dabarasyna welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary, Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň wekilleri we TDP-nyň Saýat etrap komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
    Olar  çykyşlarynda ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän aladalar, açylyp, ulanylmaga berilýän döwrebap saglyk merkezleri, şeýle-de sportyň saglyga berýän peýdasy baradaky wajyp meseleri agzap geçdiler. Bu gyzykly gürrüňler bolsa bu ýere ýygnananlarda ajaýyp täsirleri galdyrydy.
    Welaýatyň türgenleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllaryny halkara we milli ýaryşlardaky üstünliklere besleýärler. Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebi bolsa geçen ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iň göreldeli sport mekdebi hökmünde ykrar edildi.
    Welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginden alnan gymmatlyklar serginiň täsirliligini has-da artdyrypdyr. Olar muzeýiň gazanasynyň gymmatlyklary bilen birlikde sport, ynsan saglygyny goramak babatynda ýetilen sepgitler aýan-aýdyň açýar.
    Görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda sport enjamlary, lybaslary, welaýatymyzda açylyp ulanylmaga berlen döwrebap saglyk merkezleriniň suratlary we kämil lukmançylyk enjamlary we beýlekiler bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň    dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň 11 jiltiniň hem jemlenmegi sergä aýratyn bezeg berýär. Gymmatly gollanma öwrülen bu iş diňe bir türkmen lukmançylygy üçin däl, eýsem, dünýä saglygy goraýyş ulgamy üçin hem gymmatly gollanmadyr.
    Türkmenabadyň «Buýan» agrosenagat toplumynyň hünärmenleri tarapyndan ýygnalan, Jeýhunyň goşa kenarynda ösüp ýetişýän buýanyň kökünden taýýarlanan melhemlikler we beýleki derman otlary bu sergide ýene bir gezek üns merkezinde boldy.
    10-njy aprele çenli dowam etjek sergi eýýäm ilkinji günlerden uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ýerde Bütindünýä saglyk gününiň welaýat derejesindäki dabaralarynyň birnäçesini geçirmek hem meýilleşdirilýär.
    Ýeri gelende aýtsak, welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzdaky şanly seneleriň hersine wagtlaýyn sergiler bilen seslenip durýar. Geçen aýda bu ýerde Halkara zenanlar gününe we Milli bahar baýramyna bagyşlanan wagtlaýyn sergiler geçirildi. Sanlaşdyrylan gid ulgamy sergilere tomaşa etmäge gelenlere has uly mümkinçilikleri döredýär.