Taryhyň sungatdaky beýany

    Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň eserleriniň sergisi guraldy. Sergide öz eserlerinde halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny inçelik bilen suratlandyrýan halypa nakgaşyň dürli ýyllarda döreden “Türkmen amazonkalary”, “Soltan Sanjar”, ”Massaget şazadasy”, “Parfiýada Rim serkerdesi Krassyň goşunynyň derbi-dagyn edilmegi”, “Daňdanakan söweşi” ýaly uly göwrümli işleri görkezildi.