Saglygyň sakasy

    Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlaryň täsiri esasynda saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr. Elbetde, sagdyn bolmak üçin her bir ynsanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy esasy talap bolup durýar we munuň esasy şertleri, hususan, şu aşakdakylardan ybaratdyr:
    Kadaly iýmit. Kadaly iýmitiň esasy ýörelgesi aramlyk we dürli-dürlülikdir. Çünki beden ähli zerur ýokumly maddalary, makro we mikroelementleri almalydyr. Witaminlere we minerallara baý gök önümleri ýeterlik derejede ulanmalydyr. Şonuň ýaly-da öz iýmitiň düzümine süýt önümlerini, ýumurtga,  balyk, ýagsyz et, noýba, hoz we maňyz goşmalydyr. 
     Gün şöhlesi.Gün şöhlesiniň bedene peýdaly taraplaryny köpleriň bilmeýän bolmagy-da ahmal. Bu ylmy taýdan hem doly subut edilendir. Ol bedeniň gorag ulgamynyň öýjüklerini işjeňleşdirip, deridäki zyýanly bakteriýalary we öýjükleri ýok edýär, ganda myşsalara kuwwat berýän maddanyň emele gelmegine ýardam berýär. Şeýlelikde, Günüň täsiri bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar, nerw ulgamyny berkidip, özüňi oňat duýmaga mümkinçilik berýär. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, onuň boýuň ösmeginde we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde ähmiýeti uludyr. Belli bir wagt aralygynda ýiti bolmadyk güneşiň astynda gezim etmegiň peýdaly taraplary kändir. Ýöne uzak wagtlap jöwzaly Günüň astynda gezim etmek, hiç bir jähetden makullanylmaýar. Sebäbi Gün şöhleleri gan basyşyny ýokarlandyrýar. Ýüregagyrylylara we öýken kesellilere uzak wagtlap Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Ýiti bolmadyk Gün şöhleleri ýeterlik kabul edilende saglygy goramakda, özüňi duýşuňy gowulandyrmakda we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr.
    Howa. Howanyň üýtgemegi her adama dürli-dürli täsir edip bilýär. Kim güneşli güni halasa, kim ýagyşly howany gowy görýär. Howanyň we klimatyň üýtgemeginiň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada maglumatlar gadymy wagtlardan bäri bellidir. Howa şertleriniň üýtgemegine duýgur adamlaryň sany ýylsaýyn köpelýär. Şonuň ýaly häsiýetli adamlara meteopatlar (meteo-howa, klimat, patiýa-näsazlyk) diýilýär. Soňky ýyllarda üýtgemeler diňe gartaşan adamlary biynjalyk etmän, ýaşlara hem täsirini ýetirýär. Ilatyň uly ýaşly böleginiň 35 — 40%-de howanyň üýtgemegi saglyk ýagdaýynyň kynçylyklaryny döredip bilýär. Howanyň ynjyklygyny akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar has hem agyr geçirýärler.
    Suw.Bedenimiziň kadaly hereketde bolmagy üçin günde 1,5 – 2 litr suwuklyk kabul edilmeli, onuň 2/3 bölegi bolsa adaty suw bolmalydyr. Bedende suwuň ýetmezligi kellagyra, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, gyzmalyga, iç gatama, ýüzüň ýellenmegine, ukynyň bozulmagyna eltýär. Biziň ýüregimiz, nerw ulgamymyz, böwreklerimiz, beýleki beden agzalarymyz gije-gündizde 1,5 litre golaý suw içilende has gowy işleýär. Bu mukdar agramyňa görä artdyrylyp hem bilner.
    Fiziki maşklar. Fiziki türgenleşik diňe bir maddalaryň çalyşmasyny we bedendäki ganyň aýlanyşyny gowulandyrman, eýsem, bedeniň gorag ulgamyny berkidýär we maddalaryň çalşygyny kadalaşdyrýar. Ulular her günde iň azyndan 10 müň ädim ýöremelidir. Şeýle hem hepdede bäş sapar aerobika, ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr. Onuň iň ýönekeý usuly bolsa özüňize ylgaw ýodaly enjamy satyn alyp, öý şertlerinde söýgüli filmiňize tomaşa edip, göwräňizi hereket etdirip bilersiňiz.