TOÝ DÜWÜNÇEGI

    Amyderýanyň ýakasynda taýýarlanýan toý düwünçekleriň iň esasysy, ogul öýermek däbinde täze gelin üçin niýetlenen sep ýa-da «dokuz» diýlip atlandyrylýan düwünçekdir. Bu düwünçek uly ak seçekli gyňajyň içine täze gelin üçin ýörite niýetlenen matalaryň dürli görnüşinden dokuz kişilik  salnyp taýýarlanylýar. Toý düwünçegi taýýarlananda, ak seçekli gyňajyň burçlary aşyra edilip,  goşa düwülýär. Beýle edilmegi bilen,  ýaş çatynjalaryň jübüt bolmaklary yrym edilýär. Oglan tarapdan taýýarlanylýan düwünçegiň üstüne serpaýlyk atylýar. Ol düwünçegi açýan gyz tarapyň wekiline sowgatlyk hökmünde goýulýar. 
    Toý düwünçeginiň gudaçylyk däbi bilen baglanyşykly taýýarlanan görnüşi-de bar. Ol «gudaçylyk düwünçegi» diýlip atlandyrylýar. Gyza ilkinji gezek gudaçylyga barlanda eltilýän bu düwünçek ak ýaglyga süýjülik salnyp taýýarlanýar. Eger gyz tarap düwünçegi açyp, süýjülikden datsalar hem-de ony alyp galsalar, onda ylalaşyk bolup, toý sähedi basym alynýar. Eger gudaçylyk düwünçegi açylmasa, onda oňa razylyk berilmänliginiň alamaty hökmünde kabul edilýär.
     Toý düwünçeginiň ýene-de bir görnüşi «gelim-gidim düwünçegi» diýlip atlandyrylýar. Ol düwünçek diňe bir ogul öýermek, gyz çykarmak bilen bagly toýlarda däl, eýsem, çaga dünýä inen gününden başlanýan diş toýy, galpak toýy, sünnet toýy, ýaş toýy, jaý toýy ýaly toýlarda taýýarlanýar. «Sowgatlyk düwünçegi» diýlip atlandyrylýan toý düwünçegi toý tutýanlar tarapyndan ýörite taýýarlanýar. Bu düwünçek,  esasan hem,  toýda hyzmat edenlere berilýär. Toýuň hyzmat keşigini çeken bagşy-sazandalara, çaýçydyr aşpezlere, beýemçidir guramaçylara bu düwünçekler hoşallyk hökmünde gowşurylýar. 
    Düwünçek taýýarlamagyň  aýratyn tapawutly görnüşleriniň  ýene birine «zekatlyk düwünçegi» diýilýär. Bu görnüşli düwünçekler toý sadakalaryna gelen adamlaryň her biri üçin ýörite düwülýär. Düwünçek hökmany açylmak üçin niýetlenendir.