Seni hiç zat bilen çalyşmaryn

    Ynsan üçin hiç wagt, hiç zat bilen çalşyp bolmaýan mukaddeslikler bolýar. Ol gymmatlyklar seniň özüň hem ömrüň, nesliň hem neberäň bilen berk baglanyşykly bolup, ertirki günüň bagty  kimin şugla saçýandyr. Pederlerimiz bagtlylygy ak zadyň, päk düşünjäniň derejesine göteripdirler. 
    Sazyň jadyly güýjüne Arşdan inen gudrat hökmünde garaýan halkymyzyň ruhy dünýäsi tebigat bilenem, gözellik bilenem ysnyşykly gatnaşykda.  Bu sazlaşyk enelerimiziň sungat derejesine ýetiren el hünärinde-de, zergärleriň şaý-seplerinde-de, uly many-mazmuna eýe bolan däp-dessurlarymyzda-da, dünýäni haýrana goýýan milli mirasymyzda-da doly  beýanyny tapýar.  Onsoň tamdyra ýapýan çörekleriniň birini öz goňşusyna niýetlän enelerimiziň ýakymly öwüt-ündewlerem gulagyňa eşidilen ýaly bolýar.  
    2018-nji ýylyň  dekabr aýynda  Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) täze halkara ulag geçelgesiniň işe girizilmegi bilen,  Owganystan Yslam Respublikasynyň harytlarynyň Türkmenistanyň çäklerinden geçmegi şanly waka öwrüldi.  Şol gün goňşy owgan halkynyň wekili bilen söhbetdeş bolanymyzda: «Häliden bäri synlaýaryn welin, siziň gözüňizde gorky ýok. Göreçleriňizdäki ynam bu asuda ýurda has-da görk berýär. Ertirki güne şeýle berk ynamy bolan halkyň nesillerem sagdyndyr.  Nesil sagdyn bolsa, şol ýurduň geljegem röwşendir. Munuň üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurt asudalygy, il agzybirligi, goňşy hem ähli halklaryň dostana gatnaşyklarynyň jebisleşmegi babatda durmuşa geçirýän işlerine  näçe alkyş aýtsaňam   azdyr»  diýip,   daş-töweregimizdäki gözelligi synlap durşuna  gürrüň beripdi.
    Häzirki wagtda Türkmenistanyň çärýek asyr mundan öň saýlap alan oňyn Bitaraplyk ýoluna esaslanýan netijeli daşary syýasaty sebitiň we dünýä halklarynyň asudalygyny hem bagtyýarlygyny özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň göwünlere çaýýan ynsanperwerlik ýörelgesi, ýüreklere paýlaýan mähir bulagynyň datly ülşüdir. Bu köňülleriň, ýürekleriň birligidir, maksatlaryň myradydyr. Özeninde päklige hem ýagşy niýetlilige  giň orun beren türkmen Bitaraplygydyr.