«Tebigy ekinli» meýdan 

    Eger Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolundan geçseňiz, bu ýoluň ugrundaky ekin meýdanlaryny synlamagy unutmaň. Şonda sizem: «Hakyky daýhanyň topraga ideg edişem başgaça-da! Gör, bu ekin meýdanlarynyň tekizdigini, çilleri dagy gös-göni» diýeniňizi duýman galarsyňyz. Hakykatdan-da, käşirdir ýeralma, sogan ekilen giň meýdanlar onuň deňinden geçenleri biparh goýmaýar. Ýaz paslynyň gelşigi bolan bu görnüşler biziňem ünsümizi çekdi. Bize ol meýdanlaryň kime degişlidigini bilmek welin, kyn düşmedi. Çünki ekin meýdanlarynyň gyrasynda goýlan, gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşleriniň suratlary bilen bezelen äpet pannoda ullakan harplar bilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygy» diýip ýazylypdyr. Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň işi bilen gyzyklanyp, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Zerhal Narmämmedowanyň iş otagyna bardyk.
    Zerhal ekin meýdanlaryna biziň bilen bile gitmäge döwtalap boldy. Ýolda barýarkak, ol bu daýhan hojalygynyň işleri dogrusynda gysgaça gürrüň berdi. «Tebigy ekin» daýhan hojalygy alym agronom Hazratkuly Bäşimow tarapyndan 2019-njy ýylda esaslandyrylypdyr. Daýhan hojalygynda toparlaryň 6-sy işläp, ilkinji ýylyň hasyly bereketli bolupdyr, ýagny ekerançylar geçen ýyl 791 gektar meýdana gök-bakja ekinleriniň 10-a golaý görnüşini ekip, bol hasyl alypdyrlar. 300 gektara golaý meýdana ekilen ýeralmanyň her gektarynyň hasyllylygy 200 sentnere ýetipdir. Elbetde, bu görkezijiler daýhan hojalygynyň hünärmenleriniň synag möhletinden üstünlikli geçendiklerini aňladýar.
    — Olar bu gazanylan netije bilen asla arkaýynlaşmaýarlar. Bu ýyl ekin meýdanlaryny ýene-de giňeldip, öňküden-de köp hasyl almagy maksat edinýärler — diýip, Zerhal sözüni jemläp ýetişmänkä, biz «Tebigy ekiniň» Çärjew etrabynyň «Talhanbazar» geňeşliginiň çäginde ýerleşýän ekerançylyk meýdanyna baryp ýetdik. Ol ýerde daýhan hojalygynyň başlygynyň önümçilik boýunça orunbasary Şafetdin Hamdamow bilen gürrüňdeş bolduk.
    — Biz şu wagt topar ýolbaşçylary bilen ýene-de 20 gektara golaý meýdana ýeralma ekmek barada maslahat edip durduk. Maslahatly edilen iş gowy netije berýär. Oňa biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidine alyp barýan beýik işleriniň mysalynda göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, oňyn çözgütler kabul edilýär. Ynha, şu meýdanlar hem bize Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda ýerleri 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga bermek boýunça kabul edilen çözgütler esasynda berildi. Daýhan hojalygymyza Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň bir bölegi 99 ýyl möhlet bilen bölünip berildi. Oba hojalygynda ýer esasy önümçilik serişdesi bolup hyzmat edýär. Oňa eýeçilik gözi bilen garap, yhlas siňdirseň, hasylyny boldan eçilýär. Muňa biz geçen ýylyň hasyl ýygymynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik — diýip, Şafetdin Hamdamow gürrüňini dowam etdirdi:
    — Häzirki wagtda şu görýän meýdanlaryňyzyň 300 gektaryna ýeralma, 69 gektaryna sogan, 7 gektaryna käşir ekildi, 9 gektaryna kelem şitilleri, şeýle-de, ekerançylyk ýerleriniň belli bir bölegine, ýagny 9 gektaryna üzüm nahallarynyň 12 müň düýbi oturdyldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen şu ýylyň 21-nji martynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda ekin meýdanlarynyň, ýollaryň gyralaryna, ýaplaryň boýlaryna dürli miweli baglary ekdik. Milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça oňyn çözgütleri kabul edip, obasenagat toplumynda hususy başlangyçlaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna amatly şertleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýerden bol hasyl almagy, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmegi maksat edinýäris. Döredilýän şertler biziň öňde goýan maksatlarymyza ýetjekdigimize ynamy pugtalandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, hususy pudakda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. 
    Bu daýhan hojalygy ýaňy bir ýaşyny dolduryp, ýörjen-ýörjen bolan çaga mysaly. Şeýle gysga wagtyň içinde guwandyryjy netijeleriň gazanylmagy welin, öwgä mynasyp. Ol ýüzlerçe daýhanyň abyrsyz zähmetiniň miwesi. Topar ýolbaşçylary Rüstem Hudaýberdiýew, Batyr Hemraýew, Hemrakuly Taýyrow, Babajan Taşow, Rozygül Sabirowa, Batyr Orunow dagy gije-gündiz diýen ýaly ekiniň üstünde bolup, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini gazanýar. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda hasyllylygy has-da artdyryp, halkymyzyň toý saçaklaryny dürli önümler bilen bezemegi maksat edinýärler. 
    Ýola düşenimizde, Zerhal Narmämmedowa bu daýhan hojalygynyň şu ýylyň meýilnamasyna girizen işlerinden ýene-de birini aýan etdi. Ony siziňem bilesiňiz gelýändir: «Tebigy ekin» daýhan hojalygy şu ýyl oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanany ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onda gaýtadan işlenen önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilmegine, täze iş orunlarynyň 100-e golaýynyň döredilmegine garaşylýar. 
    Elbetde, «Tebigy ekiniň» mes toprakda ösdürip ýetişdiren önümleriniň tagamy has ýakymly bolup, ol söwda dükanlaryna «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» haryt nyşany bilen ýaýrar. Oň bolsun!