Görogludan badalga aldylar

    Daşoguzly edermen babadaýhanlar ýazky gowaça ekişine welaýatyň Görogly etrabyndan badalga aldylar.
    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň göni wideoaragatnaşykda geçirilen mejlisinde Daşoguz welaýatynda ýazky gowaça ekişine 29-njy martda girişmäge ak pata beripdi.
    Türkmen toýlaryna mahsus bolan ähli däplere beslenen dabara ady agzalan etrabyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň meýdanlarynda guraldy. Welaýatyň pagtaçylary 2020-nji ýylyň hasyly boýunça 155 müň gektar meýdana gowaça ekip, 275 müň tonna «Ak altyn» öndürmegi maksat edinýärler.
    Babadaýhan däbine eýerilip, bu döwletli çärä bagyşlanyp, toý dabarasy tutuldy. Onda türkmen toýlaryna mahsus ähli tomaşalar, sergiler, aýdym-saz, sport çäreleri guraldy.
    Şu ýyl tüýs daýhanyň arzuw edýän ýazy boldy. Amatly howa şertleri gowaça ekişine taýýarlyk işlerini irki möhletde geçirmäge mümkinçilik berdi. Oba hojalygyna dahylly edra-kärhanalaryň ählisinde bu möhüm möwsüme taýýarlyk işleri irki möhletlerden ýaýbaňlandyryldy. Gowaça ekişinde bökdençlikleriň bolmazlygy üçin ätiýaçlyk çäreleri geçirildi.
    Däp bolşy ýaly, gowaça ekişini başlap bermek il sylagly ýaşululara ynanyldy. Adamlar ýylyň hasylly gelmegi üçin ýagşy doga-dilegler etdiler. «Tohumyňyz müňlesin!» diýip, pagtaçy-kärendeçileri mübäreklediler. Dabarada pagtaçy-kärendeçileriň gündelik üns-alada bilen gurşalyp alynýanlygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
    Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, welaýatda gowaça ekişini irki möhletde gowy hilli tamamlamaga ähli mümkinçilikler bar. Bu işe dürli kysymly sürüm traktorlarynyň we ekijileriň ýeterlik mukdary çekildi. Ýokary hilli gowaça tohumynyň zerur möçberi taýýar edildi. Gowaça ekişini ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde, agranomçylyk görkezmelerine laýyk geçirmek esasy talap hökmünde kesgitlenildi.
    Gowaça ekişi welaýatyň ähli etraplarynda guramaçylykly başlandy.