Mekdep okuwçylary «Biosözlük online» atly täze taslama işini taýýarladylar

    Zehiniň bolanda-da, ony öz yhlasyň, zähmetsöýerligiň, tutanýerliligiň bilen «ýiteldip» durmasaň, ol seni ýeňişli menzillere alyp gitmeýär. Zehin uly yhlasyň, ukyp-başarnygyň bar ýerinde öz «miwesini» eçilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim alýan ýaş nesilleriň ylym-bilim dünýäsinde öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen ýeňişli ýollara gadam basmaklary-da şonuň üçindir. Ine, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Hatyja Annagylyjowa bilen Alymyrat Sarygulow hem şeýle zehinli ýaşlar. 
    Olar 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherinde geçirilen XI Halkara ylym işleriniň bäsleşigine «Anatomiýa sözlügi» atly işi bilen gatnaşyp, 2-nji orna — kümüş medallara mynasyp boldular. Şol ýyl Hatyja Annagylyjowa bu bäsleşige «Ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň elektron programmasy we durmuşdaky ähmiýeti» atly işini hödürläp, birbada 1-nji we 3-nji orunlara — altyn we bürünç medallara eýe boldy. Bu zehinli okuwçylaryň taslama işlerine mekdebiň mugallymy Saparnepes Atabaýew ýolbaşçylyk etdi. 
    Ýaş zehinler şu ýylyň 29-njy fewralynda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyryna özleriniň «Biosözlük online» atly täze taslama işi bilen gatnaşdylar. Bu taslama işiniň esasy maksady, ähli türkmen dilindäki biologik atlary bir ýere jemlemek, olary dört dilde öwrenmek we öwretmek, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň we adamyň synalarynyň daşary ýurt dilindäki atlarynyň türkmen dilindäki nusgasyny tapmak we biologiýa boýunça elektron gollanmany taýýarlamakdan ybaratdyr. Dört dilde 40 müňe golaý sözleri özünde jemleýän «Biosözlük online» işiň web sahypasy hem bar. Zehinli ýaşlaryň yhlasy, irginsiz zähmeti bilen taýýarlanylan bu sözlük mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldy. 
    «Biosözlük online» taslama işiniň Rumyniýada geçiriljek «INFOMATRIX», Gazagystanda geçiriljek «INFOMATRIX-ASIA» halkara bäsleşiklerine hem gatnaşmaga çakylyk alandygyny aýtmak gerek. Biz hem ylym-bilim dünýäsinde uly üstünliklere ýetýän ýaş zehinleriň gadamlarynyň hemişe şowly, ýeňişli bolmagyny arzuw edýäris.