Nurdan ýeten peşgeş

üçin owgan topragynda hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar ýagdy
    Bu sözbaşyny owgan gardaşlar agza salyp berdiler. Özem Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherine baranymyzda. Ol wakanyň «taryhyny», megerem, eýýäm köpiňiz bilýänsiňiz. Tarypyny welin diňe gözüň bilen görüp, gulagyň bilen eşidäýseň! Ine, şeýle nesibe bolsa bize ýazylan eken.
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň paýawynda, has anygy, 17-nji dekabrda ir säher bilen biz Serhetabatdan aňryk — Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine tarap ötdük. Ir säherde gyşyň uly çillesiniň aýaz awusy bardy. Ýüzler weli gülüp durdy. Sebäbi Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik kömeginiň gelmegi kalplara nur, röwüşlere çyrag paýlapdy. Çünki olar dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň nähili zerurdygyny diýseň gowy bilýärdiler. 
    Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde ibermek tabşyrylypdy. Bu goňşy ýurtda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýola goýmakda, şeýle hem Mary Döwlet elektrik stansiýasyndan ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda juda zerurdy. 
    Owgan halky bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi Ýewraziýa yklymyna, ilkinji nobatda bolsa, serhetdeş ýurtlarymyza, şol sanda Owganystana hem degişlidir. Gadymy goňşuçylyk däplerine hemişe ygrarly Türkmenistan iň gymmatly baýlygyň parahatçylykdygyny dünýä ýaýýar. Owganystanda durnukly syýasy ýagdaýy kemala getirmek, ilkinji nobatda bolsa, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, agzybirligiň hem-de howpsuzlygyň berk binýadynyň goýulmagy, raýat jebisliginiň kadalaşmagy üçin hemmetaraplaýyn goldawdyr kömekleri yzygiderli berýär. 
    Türkmenistan indi ençeme ýyllardan bäri Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhdan üznüksiz ugradýar. Goňşy ýurduň demirgazyk welaýatlarynda türkmen gurluşykçylary ençeme durmuş maksatly desgalary bina etdiler.Ynsanperwerlik goldawy bilen gurlan mekdeplerde owgan çagalary bilim-terbiýe alýar. Ençeme täze lukmançylyk edaralarynda saglygyny dikeldýänler, gerekli kömek alýanlar müňlerçedir. Şeýle desgalar häzir hem gurulýar. 
    Indi Türkmenistanda gurlup, işe girizilýän kuwwatly senagat desgalaryndan çykýan ilkinji önümleri bada-bat Owganystana kömek hökmünde ugratmak däbe öwrüldi. Garlykdaky dökün öndürýän toplumdan, Garabogazdaky karbamid öndürýän nebithimiýa toplumyndan, Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan ekologiýa taýdan iň arassa benzini öndürýän zawoddan «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili önümleriň ilkinji tapgyry, owgan doganlarymyza ugradylypdy.
    Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ýurt bilen serhedini «dostluk serhedi» diýip atlandyrýar. Gadymy Gündogarda ynsanperwerlik aňrybaş sogap hem parz hasap edilýär. Dagy nä, akyly jöwher türkmen «Beren eliň berekedi artar» diýip, hemişe gaýtalap gelipdir ahbetin! 
                                            * * *
    ...Ine, maňlaýy «Ýaşasyn türkmen-owgan dostlugy!» diýlen ýazgyly demir ýol ulagy gübürdäp serhetden geçdi. Pah, şol wagtky tolgunyşmany göräýseň! Tirkegi 7 wagondan ybarat kerwen, onda-da röwşenlik nuruny paýlajak kerwen golaýlandan, duranlaryň ýüzi ýagtylyp, dilinden kelam ýagyp ugrady.
    — Beýle sahawaty bize bagyşlaýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alkyşlar bolsun!
    — Türkmenistan bize iň mähriban hemsaýa!
    — Beren elleriň berekedi artsyn, ylahym!
    Ýürek sözüni aýtjaklar şeýle bir kändi, olar biziň — Türkmenistandan baran žurnalistleriň töweregine egele bolupdylar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahimi öňbaşçylyk etdi: 
    — «Hemsaýa» diýmegiň Gündogarda «goňşy» diýmekdigini bilýänler kändir. Kyn günüňde goldaşýan, şat günüňde özüňden öň begenýän goňşy dogandan zyýat bolýar. Türkmenistan bolsa tüýs şeýle hemsaýadyr. Siziň döwletiňizden yzygiderli gelýän ynsanperwerlik kömegi bize hakyky ýardamdyr, tüýs wagtyndaky goldawdyr. Ine, şu iberilen transformator hem owgan halkyna türkmen halkynyň ugradan röwşenligidir, nurudyr, ýylylygydyr. Şeýle sahawatly kömek-goldawly goluny uzadýan hormatly Prezidentiňiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goluny biz gaýybana gysýarys, baş egip, «taňryýalkasyn!» aýdýarys.
    Şu sözleri diňläp durkam, men mundan o diýen köp wagt geçmedik wakany ýatlanymy duýman galdym. 
    ...Ir säher bilen Mary şäherinden çykan ýüwrük «JEEP» maşyny ýüzüni ilerik tutupdy. Bu 2017-nji ýylyň güýz ortalarydy. Biziň ugrumyz dostlukly serhediň çägine tarapdy. Owganystan Yslam Respublikasynyň Badhyz hem-de Jowuzjan welaýatlaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda ylalaşyk baglaşylandygy köpleriň ýadyndadyr. Şoňa laýyklykda, Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli uzynlygy 60 kilometrlik, özem 110 kW güýjenmeli howa ulgamynyň, Badhyz welaýatynyň Bala Murgap etrabynyň Marçak obasyna çenli güýjenmesi 10 kW elektrik ulgamynyň gurluşygy depginli dowam edýärdi. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport edilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, 220/110/35/10 kW güýjenmeli «Tagtabazar» elektrik bekedinden «Serhetabat» elektrik bekedine çenli 220 kW güýjenmesi bolan howa ulgamynyň gurluşygy alnyp barylýardy. Bu işleriň buýrujysy «Maryenergo» önümçilik birleşigi, potratçy «Türkmenenergogurluşyk» konsernidi. Ine, şol işleri gözüň bilen görmegiň ýüreklere salýan duýgusy başgady.
    Şondan sanlyja gün ozal RECCA-nyň Aşgabatdaky VII forumy tamamlanypdy. Şonda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna juda ýokary baha berlipdi. Şol sammitde indi çärýek asyr gowrak wagt bäri türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana elýeterli bahadan ygtybarly iberilip gelinýändigi ençeme gezek nygtalypdy. Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat — Turgundy elektrik geçirijileri arkaly sagatda 700 million kWt türkmen elektrik energiýasy goňşy ýurda ugradylýar.
    Owganystanyň Prezidenti jenap Mohammad Aşraf Ganiniň 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda resmi sapary mahalynda geljekde Owganystanyň Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna hem türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekilipdi. Şeýlelikde, Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdary artmalydy. Has anygy, Lebap hem-de Mary welaýatlarynda täze gurlan gaz turbinaly elektrik stansiýalaryndan goňşy ýurda nur paýlaýan ýollar uzamalydy. Bu goňşuçylyk gatnaşyklarynda ynsanperwerlikden nyşandy. 
    «Bu şeýledir görseňiz» diýýän ýaly, diňe şaglap ýatan asfalt ýoluň gyrasy bilen däl, eýsem, aňňat-aňňat gum depeleriniň, beýikli-pesli baýyrlaryň arasy bilen uzap gidýän elektrik sütünleri göze ýakym berýär. Olaryň köpüsi pälwan kişiniň bili ýaly berdaşly, uçup barýan bürgüdiň ganaty ýaly ýaýylyp dur. Üstündäki simler hem urgana meňzeş ýogyn, göýäki, «biz şeýle kuwwatly geçirijidiris» diýýän ýaly, nazaryňy egläp durdy.
        Pendi sährasynyň güýz ahyryndaky keşbinde bahar nury bardy. Heniz sowuk kakmadyk baglar, ýorunjaly peller, ýygymy sabap barýan gowaçaly meýdanlar, aňyrsy baýra dyrmaşýan giň düzlügi ýaşyl saraýa dönderen, eýýäm garyşdan artyk ösen bugdaý maýsalary...
    Ynha-da, ýoluň sagynda ady äleme dolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat desgalary seleňläp görünýär. Içiňi gepledýärsiň: «Asty hazynaly, üsti bereket-barlykly bu keremli toprakdan gör-ä, alys-u-ýakyn ýurtlara nura bürenen ýollar uzap barýar». 
    Aşgabada dolanyp gelemsoň Türkmenistanyň syýasy-geografik kartasyny içgin-içgin synladym. Asyl Türkmenistanyň XXI asyrda çekýän nurana, ýagny energiýa ýollary bir wagtlarky Beýik Ýüpek ýollaryny ýakalap ötýän eken-ä! 
    Goňşa nur paýlamak — sogap hem parz iş. Sebäbi şol nur baran ýerinde öýleri-ojaklary ýyladýar, ýagtylyk ýaýradýar. Ýagtylyk — ýagşylykdan nyşan. Oýlanyp göräýmeli. Häzirki ösen dünýäde ýaşaýyş-durmuşam, önümçilik-senagat ulgamy hem tutuşlygyna elektroenergiýa bagly ahbetin! Ýaşap ýören döwrümizde şonuň üçin «elektrik energiýasy — zamananyň tehniki tizliginiň özenidir» diýlen düşünje ýaýrandyr...
    Ulagymyz saklandy.
    — Rabatkaşaň elektrik bölüji bekedine geldik!
    Rabatkaşaň şu ýerden daş bolmadyk ýerden akyp geçýän derýajygyň ady bilen bagly. Bu ýere tok «Tagtabazar 220/110/35/10 kW» elektrik bekedinden gelýär. Ol bu ýerden 40 kilometr çemesi gaýrada. Mary DES-inden çykýan elektrik energiýasy bölüji hem paýlaýjy «Galkynyş» bekedine barýar, şondan bärik bolsa 220 kW güýjemede elektrik togy gaýdyp, 148 kilometrlikde «Tagtabazar 220/110/35/10 kW» nokadyna gelýär. Şondan «Rabatkaşaň» bekedine hem 110 kW güýjemede berilýär. Rabatkaşaňdan goňşy Owganystanyň doganlyk serhedine çenli ýol 50 kilometr. Bu ugur boýunça geçen ýylyň ahyrynda goňşy ýurda nur paýlaýan elektrik energiýasy akyp ugrapdy. 
    Ine, şu gezekki ynsanperwerlik kömeginiň gelip gowuşmagyna bagyşlanyp, Turgundy şäherinde geçirilen dabarada bu sogaply iş üçin aýdylan alkyşlar çeşme deýin akdy. Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat sütünlerini berkitmäge gönükdirilen giň gerimli ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. «Lazurit geçelgesi» adyny alan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa ulag ugry diýseň bähbitlidir. Şu dabarada bellenilişi ýaly, bu taslama amala aşyrylyp başlanaly bäri Owganystandan ugraýan, asyl-ha, Pakistandan gelip, bu ýerden Türkmenistana geçýän, ondan hem Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Kawkaz ýurtlaryna, Ýewropa aşýan ýükli ulaglaryň möçberi tas iki essä golaý artdy.
    Ýewraziýa giňişligini ykdysady ösüşiň merkezine öwürmegi öňe sürýän Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan halkara taslamalarynyň ähmiýeti juda möhümdir hem-de uludyr. 
    — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy Owganystanda parahatçylygy berkitmekde, ilkinji nobatda bolsa, halkyň durmuş derejesini, iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda juda möhümdir — diýip, dabarada çykyş eden «De Afhganistan Brişna» döwlet marketinginiň başlygy Nasir Ahmad belledi. 
    — Türkmenistanyň Owganystana berýän kömeginiň möçberi barha artýar. Biz muny doganlyk sahawaty hökmünde gadyrlaýarys. Ylaýta-da, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň gurlup berilmegi bimöçber haýyrly boldy. Ynha, häzirki ynsanperwerlik ýüki getiren otly hem şol ýol bilen owgan topragyna geçdi. Biz bilýäs, Türkmenistanyň ýardamy bilen, hut doganlyk döwletiň gurluşykçylarynyň güýji bilen, Owganystanyň içinde demir ýollaryň gurluşygy dowam edýär. Nirede söwda össe, şol ýerde hem abadançylyk, hem bolçulyk bolýar. Ýöne hemmesinden zyýady — öýleri ýyladýan, nur bolup lowurdaýan, dürli desgalary işledýän elektrik togudyr — diýip, Turgundy portunyň başlygynyň orunbasary Habibulla Kuraýşi buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.
    Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi Owganystandaky parahatçylyk hem ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, Türkmenistan goňşy Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyna hemişe ýardam berýär, ählitaraplaýyn goldaýar.
     Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge şu gezekki ynsanperwerlik kömeginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyny dabarada çykyş edenler öwran-öwran nygtadylar.
    Ynsanperwer kömek hökmünde gelip gowşan kuwwatly transformator Turgundydan 120 kilometr uzaklykdaky welaýat merkezine — Hyrat şäherine eltiler. Eýýäm bu şähere Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň bu işi amal etjek hünärmenleri bardylar hem-de gurnama-sazlaýyş işlerine girişdiler.
                                            * * *
    Ene ýaly duýgur, ene ýaly mährem hem aladaçyl, ene ýüregi ýaly näzik närse Ýer ýüzünde ýokdur, meger. Türkmenistandan ugradylan bu gezekki ynsanperwerlik kömeginiň aýratyn gadyr-gymmatynyň bardygyny gözlerini nemläp, bäri gyrasyna «Energiýa syýasaty doganlyk ýörelgesidir» diýlen ýazgyly wagondan aýrybilmän duran orta ýaşlaryndan agan zenanyň golaýyna bardym. Ol meniň ýüregimdäkini aňan ýaly, çalaja ýylgyrdy-da, gapdalymyzdaky terjimeçä janygyp-janygyp bir zatlar diýdi:
    — Jahantab Tahiri, Hyrat welaýatynyň deputaty hem-de zenanlar birleşmesiniň başlygy. Öýüň ýylylygyny, ojagyň nurludygyny ýa däldigini ene gözi bilen görmese-de, jigeri bilen syzýar. Ylaýta-da, gara gyşda. Ynha, görüp dursuňyz-a daglaryň üstünde lemmerlenýän bulutlaryň ýüzüni syryp gelýän şemalyň sowugyny. Biziň illerde «Nurly öýüň rysgy artyk» diýlen gadymy söz bar. Öý ýap-ýagty bolsa, çaga-çuganyňam owazy şadyýan çykyberýär. Ojak ýyly bolsa, ýürekdäki mähriň goşalanyberýär. Ine, şeýle şadyýanlygy, şeýle ýylylygy, şeýle mähri ugradýan goňşa gurban! Men bu sözleri ene ýüreginden aýdýandyryn, doganlar!
    «Doganlar» diýen sözi aýdanda, Jahantab hanymyň-a gözleri ýaşaryp, biziňem ýüregimiz ersip gitdi. Hyýalymda hormatly Prezidentimiziň aýdan sözlerini ýatladym: «Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar».
    Ine, gözümiz bilen görüp, gulagymyz bilen eşidip duran wakamyz şu sözleriň irretsiz çyndygynyň suratlandyrmasydyr.
    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden çykyşlarynda hem dünýäde iň wajyp meseleleriň biri bolan tebigy baýlyklar, umuman, ýangyç-energetika, olaryň diwersifikasiýasy, şeýlelikde, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň yklymyň hem-de Ýer ýüzüniň halklary üçin elýeterli bolmagy babatda Türkmenistanyň garaýyşlaryny we başlangyçlaryny yzygider beýan edipdi.
                                            * * *
    ...Ine, biz ýene-de ata Watanyň topragynda! Yzymyza seretdik welin, «Sag-aman baryň!, Ýene-de gelip duruň!» diýen manyda galgaýan gollar henizem göze ilýärdi. Giç guşluk çagy bulutlary «ýyrtyp», ýalbyrap sereden Günem bu wakalary görmek üçin şeýdäýen ýalydy. Dost mähri doganlyk duýgusy bilen ulaşanda, beýany söze sygmaýar. Kalbyň sessiz owazy zybandaky sözdenem güýçli bolýan çemeli. 
    Meniň nazarym iki goňşy döwletiň arasyndan akyp ýatan Guşgy derýasynda eglendi. Kä ýaý ýaly egrelip, käte peýkam ýaly gös-göni bolup akyp ýatan derýa iki döwleti serhet boýunça bölýänem bolsa, göwnüňe iki halky kenarlary arkaly birikdirmeýärmi eýsem?! Gündogarda «Bir derýanyň suwuny içenler dogan bolýandyr» diýlen juda gadymy hem üýtgewsiz pähim bar-a! Göwnüme bolmasa, şu eltilen elektrik binasynyň süňňünden gaýtjak ýagtylyk — nur ýene-de sanlyja wagtdan derýanyň aňry kenaryndan dost-doganlygyň parlak nurunyň röwşeni bolup göze iläýjek ýalydy. Hut şeýle-de bolar! 
                                                    Gurbannazar 
                                                    ORAZGULYÝEW.