Ak şäheriň öwüşginleri

    Ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, paýtagtymyzyň, onuň şaýollarynyň we köçeleriniň, meýdançalarynyň, seýilgähleriniň, binalaryň göwün galkyndyryjy derejede bezelmegi kalbyňy ganatlandyrýar. 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň dabaraly ýakylmagy bu gözelliklere aýratyn öwüşgin berdi. 
    Aslynda, Aşgabadyň lowurdyly keşbi hemişe toý zynatyna beslenýär. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda, çar-töweregine nur saçyp oturan merjen şäherimiz gyşy-tomsy, gijesi-gündizi gül kamaty, gözellik dünýäsi bilen ýüreklere ylham berýär. Parahatlyk, agzybirlik, jebislik bilen birlikde, mähir, söýgi, dost-doganlyk höküm sürýän Bitarap döwletimiziň paýtagt şäheri bu gün göwünleri galkyndyrýan, her bir öýe nur paýlaýan Täze ýylyň şanyna gözleri gamaşdyryjy lybasa beslenipdir. Paýtagtymyzyň haýsy künjegine ser salsaň, Täze ýyl öwüşginlerine gabat gelýärsiň. Toý meýdançalarynda, edara-binalaryň öňünde, köçelerdir şaýollaryň ugrunda töweregine ýakymly ýaraşyk berip oturan ýaşyl arçalar bu gün zer-zynatly Täze ýyl donuny geýnip, uludan-kiçä ähli ynsanlaryň toý şatlygyny goşalandyrýar. Gül-gunçalardan jähek çekilen paýtagtymyzyň şaýollarydyr köçeleriniň çatrygynda öz «uçýan jadyly arabasy» bilen düşlän Aýazbaba agtyjagy Garpamyk bilen eýýäm ýanyna öz dostlaryny ýygnap, bir ýylyň dowamynda älem içre eden gyzykly syýahatlary barada höwes bilen gürrüň berip dur. Özboluşly, çeper hem çuň manyly täsin bir hekaýanyň beýanyna öwrülip duran bu pursady gana-gana synlap, jadyly dünýäniň jümmüşine siňeniňi-de, hyýalyňda ol wakanyň gahrymanlarynyň birine öwrüleniňi-de duýman galýarsyň. Çünki galkynan göwünleri ganatlandyrýan ol görnüşlerde çagalyk döwrümiziň süýji günleri janlanýar.
    — Paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde ýaşaýarys. Gün-günden gözel keşbe girýän baş şäherimiziň ähli etraplary özboluşly binagärlik desgalary bilen tapawutlanýar. Bagy-bossanlyga bürenip oturan paýtagtymyzyň keşbini köp sanly dynç alyş seýilgähleri, suw çüwdürimleri, ýadygärlik we bezeg binalary gurşap alýar. Türkmen paýtagtynyň häzirki zaman binagärlik keşbini döretmek, ony dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň birine öwürmek meselesine aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen baýramçylyk günlerinde Aşgabat has hem ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Täze ýylyň älemgoşar öwüşgininiň paýtagtymyza eçilýän gözelligini welin, söz bilen düşündirip bolmaýar. Sekizburç ýyldyzy asman ýyldyzlary bilen bäsleşýän bezemen ýaşyl arçalar, dürli öwüşginli köp sanly çyralaryň, oýnawaçlardyr zerli bezegleriň lowurdysy, ýetip gelýän Täze ýylymyzy alamatlandyrýan ýazgylar, jadyly dünýäniň gahrymanlarynyň her ädimde diýen ýaly gabat gelýän şekilleri — döredilen bu gözellikler ynsanyň kalbyny joşdurýar. Halkynyň her bir gününiň şatlyk-şowhuna, her bir ýylynyň rysgal-berekede beslenip gelmegi barada aladalar edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, öz agtyklary bilen paýtagtymyzyň baýramçylyk bezeglerinden, Täze ýyl öwüşginlerinden ruhy lezzet alyp, gezelenç edip ýören aşgabatly ildeşimiz Ogulhajat Aşyrowa toý şatlygyny biziň bilen paýlaşýar.
    Täze ýyl! Iň bir arzuwly hem arzyly baýram! Köňülleriň töründe orun alyp, her bir ynsanyň kalbyna mähir-muhabbet bolup dolýan reňbe-reň baýram! Ynsanlar bu baýramda edilen arzuw-islegler hasyl bolýar diýip, ýagşy niýet, päk umyt bilen birek-birege mähirli sözler aýdýarlar, abadan hem bagtly günler dileg edýärler. Gözel Zemini gurşap alan Täze — 2020-nji ýylyň buşlukçy owazy bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir öý-ojagynda parahatlygyň sedasy bolup ýaňlanýar.