Milli medeniýet – giň dünýä mawy ýaýlymyň tolkuny bilen...

    Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredijilige, halkara gatnaşyklara açylýan giň gerimli mümkinçilikler özüniň datly miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatyndan ugur alyp Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýse halkara giňişliginde-de birnäçe guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär.
    12-nji dekabrda Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni giňden belleniň geçildi. Bu baýramçylygy bütin dünýä ýetirmekde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň alyp baran işleri alkyşa mynasyp. döwlet komiteti TRT Awaz teleýaýlymy bilen ýörite bitaraplyga bagyşlanan gepleşik TRT Awaz teleýaýlymynda Aşgabat sagady bilen 16:45 ýaýlyma berildi. Edil onuň yz ýany hem türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan Ahal Teke bedewlerimiz barada dokumental film ýaýlyma berildi. Şeýlelikde Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk syýasatyny we milli medeniýetimizi giň dünýä ýaýratmakda türkmen telewideniýesi halkara derejesinde uly işler alyp barýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda türkmeniň maddy we ruhy mirasyna, asyrlardan aşyp gelen milli medeniýetine bolan gyzyklanma halkara giňişliginde barha we barha ýokary gyzyklanma eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp ýetişdiren milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hem behişdi bedewlerimizdir. «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary bütin dünýäde ahalteke bedewleriniň söýüjilerine bahasyz serpaý boldy. Bu gün türkmen halkynyň ganatly bedewleri diňe bir atşynaslary däl, eýse, bütin dünýä gymmatlyklaryny söýüjileri ruhy baýlyk bilen üpjün edýän teleradio işgärleriniň hem ünsüni çekýär.
    «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde halkara derejesinde uly şatlyk-dabara dolup bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy has hem ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. 2019-njy ýylyň 19-njy apreli, 3-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Radio we telewideniýe guramasynyň «TRT Avaz» teleýaýlymynyň wekilleri Döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewleri hakynda, olaryň wepalylygyny, şan-şöhratyny bütin dünýä açyp görkezjek dokumental filmi surata düşürdiler. Türk tarapyndan dört adamdan ybarat surata düşüriş topary, türkmen tarapyndan bu ugurda işleýän hünärmenler bilen ýurdumyzyň at gazanan atşynaslary, seýisleri we ýaşulylary bilen söhbetli duşuşyklary, türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralary, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar we «Türkmen jigitleri» toparlarynyň çykyşlaryny, «Köne     Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyny ýazgy etdiler. Agzalýan dokumentalfilm şu ýylyň 24-nji oktýabrynda TRT teleradioýaýlymynda ýaýlyma goýberildi. Bu film diňe türk tomaşaçylaryna däl, eýse giň halkara köpçüligine hödürlendi we çäksiz gyzyklanma eýe boldy. Häzirki wagta çenli bu dokumental film birnäçe gezek ýaýlyma berildi we 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gaýtalanyp görkezildi.
    Halkara giňişliginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ilkinji türkmen emeli hemrasynyň giň mümkinçilikleriniň buýsandyryjy görkezijileriniň sany gitdigiçe artýar. Bu gün türkmen telewideniýesi göni ýaýlyma alyp görkezmek, halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly tejribesini barha baýlaşdyrýar. Biz öz saýtymyzyň üsti bilen siziň bilen bu buýsançly wakalar barada yzygiderli paýlaşmagy meýilleşdirýäris! Indigi duralgamyz bolsa, ýewropa ýurtlarynyň teleýaýlymlary.