TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda

    1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmeli.
    2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Düzgünnamasyny tassyklamaly (goşulýar).
    3-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Ýazgysyny we plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
                                                    Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                    Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                        Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

    Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň DÜZGÜNNAMASY
    1. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
    2. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde şahsy edermenlik görkezendikleri, şeýle hem öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredildi.
    3. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda; kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde; aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde, öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde aýratyn hyzmatlary bitiren, şahsy edermenlik görkezen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň harby gullukçylary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanylýar.
    4. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen şu Düzgünnamanyň üçünji böleginde görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirip, ölen (wepat bolan) harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanyp bilner.
    5. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan amala aşyrylýar.
    6. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan adamlara:
    Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar;
    iň pes zähmet hakynyň üç essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.
    Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.