Türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biri

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda agzybir halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge uly taýýarlykly geldi.
    1995-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagy gojaman we şöhratly taryha eýe bolan, adamzat siwilizasiýasyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň ykbalynda diýseň ähmiýetli waka boldy. 
    Türkmenistanyň Bitaraplygy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly halkara guramalar tarapyndan goldanylan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen iki gezek tassyklanandyr. Ilki bilen, türkmen Bitaraplygy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy bilen tassyklandy. Soň Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň konferensiýasynyň jemleýji resminamasy bilen tassyklandy. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamasyny kabul etdi we Türkmenistana bitarap döwletiň hukuk derejesi berildi.
    Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilendir, görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny wagt bilen çäklendirilen däldir, manysy boýunça oňyndyr. 
    1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Bitaraplyk derejämiz Döwlet senamyzda hemişelik orun aldy. 1997-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda bolsa Döwlet baýdagymyza bitaraplygymyzyň we agzybirligimiziň ajaýyp nyşany hökmünde zeýtun baldajyklary ýerleşdirildi.
    2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ýene bir ajaýyp waka boldy. Şol gün Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy Bitaraplygymyzyň özboluşly miwesidir. 
    Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhynda ýene bir taryhy waka boldy. BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 69-njy mejlisinde 47 döwletiň awtordaş bolup, 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň Bitaraplygy barada täze taryhy Kararnamany kabul etdi. 
    Onda şeýle setirler bar:
    «1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny täzeden beýan edýär;
    2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga hem-de onuň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüligini hormatlamaga täzeden çagyrýar...».
    2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň halkara işjeňliginiň we abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň we ajaýyp subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi kabul etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. 
    Bitaraplyk biziň dünýädäki dostlarymyzyň, hyzmatdaşlyk edýän döwletlerimiziň sanynyň köpelmegine, halkara işjeňligimiziň we abraýymyzyň artmagyna getirdi. 
    Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň peselmegine, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine ýardam etdi. Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlary onuň abraýyna abraý goşdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygyna sebitde we halkara derejede durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm guraly, özara düşünişmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi Türkmenistanyň jogapkärli, ygtybarly we açyklyga eýerýän hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornunyň has-da berkemegine, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artmagyna ýardam etdi». 
    Türkmenistan bu gün dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik, 100-den gowrak döwlet bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar, 46 sany halkara guramanyň işjeň agzasydyr. 
    Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy köp ýurtlar üçin nusga alarlykdyr. Şu ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyçlary bilen birnäçe dünýä ähmiýetli Kararnamalary kabul edendigini aýratyn nygtap, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada taryhy Kararnamany biragyzdan kabul edendigini bellemek gerek.
    Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62, 64, 68 we 71-nji sessiýalaryna wise-başlyklyga saýlandy. (2007-nji, 2009-njy, 2013-nji we 2016-njy ýyllar).
    Görşümiz ýaly, Aziýada ylalaşdyryjy Merkeze öwrülen Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda uly işleri alyp barýar.
    Bitaraplyk — bu sabyr-takady hiç haçan elden bermedik türkmenleriň päk kalbynyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Parahatçylyk söýüjilik häsiýeti, urşany, oňuşmaýany ýaraşdyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk türkmene mahsus ýörelgelerdir. 
    «Kyýamat güni goňşudan», «Öý almankaň, goňşy al» ýaly pähimlere gulluk edip gelen türkmen aga yşk mülküniň şasy Mollanepes aýtmyşlaýyn: «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, birisine gep berip, ol birine al berme» diýen paýhasy hiç haçan goldan bermändir. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir», «Daş bilen urany aş bilen ur», «Hoşamaý söz süňk döwer», «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar, ýaman söz gylyjy gynyndan» ýaly pähim-paýhaslar ruhunda diňe parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ylalaşdyryjylyk, geçirimlilik, asudalyk bar bolan halka, millete mahsusdyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. 
    Halkymyzyň milli aň-düşünjesine milletparazlygyň ýatdygyny, açyk göwünliligiň, parahatçylyk söýüjiligiň, goňşuçylygyň, başga milletleriň diline, dinine, medeniýetine sarpa goýmagyň mahsusdygyny, hut şonuň üçin hem pelsepesiniň kökleriniň halkymyzyň aňyýetine, kalbyna, taryhyna we medeniýetine siňýänligini, olaryň jümmüşinden başlangyç alýandygyny aýratyn belläsimiz gelýär. 
    Belli bolşy ýaly, türkmeniň «töwellaçylyk» diýilýän bir üýtgeşik ynsanperwer däbi bar. Ata-babalarymyz adamlaryň agzybir gatnaşykda bolmagy üçin köp tagallalar edipdirler. Eger saý-sebäp bilen ara tow düşäýse, onda obanyň sylanýan ýaşululary töwella edip, ol meseläni wagtynda we parahatçylykly çözmegi başarypdyrlar. 
    Hawa, bu babatda türkmeniň gojaman we şöhratly taryhyndan, nusgawy edebiýatyndan, halk hazynasyndan mysallaryň ýene ýüzlerçesini getirse bolardy. Çünki şunda bir zat aýdyňdyr: ylalaşdyryjylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik we bitaraplyk biziň ruhyýetimizden, milliligimizden gözbaş alýan özboluşly milli fenomendir. Türkmenistanyň alyp barýan bitarap daşary syýasaty türkmen halkynyň milli häsiýetine kybap gelýän mahmal syýasatdyr.