ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY: DÖWLETARA GEPLEŞIKLERI WE HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA

    2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi dabaraly açyldy. Sebit ýurtlarynyň bäşisiniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda döredilen bu merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek bilen döwletara gepleşikleri goldamakda hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň ilkinji düzümi bolandygyny bellemek wajypdyr. Ol ýörite syýasy missiýa, şeýle hem şu ugurda ýeke-täk düzüm bolup durýar.
    Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak hem-de berkitmek işinde, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasy möhüm orun eýeleýär. BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, parahatçylygy saklamak işi ýurtlaryň aýratynlykdaky we tutuşlygyna dünýä jemgyýetçiliginiň umumy jogapkärçiligi hem-de wezipesi hasaplanýar.
    2017-nji ýylyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň wezipesine girişeninde, Antoniu Guterreş, ilki bilen, BMG-niň işi baradaky öz garaýyşlaryny hödürläp, öňüni alyş diplomatiýasyna ilkinjileriň hatarynda orun berdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden ilkinji çykyşynda Baş sekretar: «Dawalaryň öňüni almak diňe bir ileri tutulýan ugur däl-de, esasy wezipämizdir» diýmek bilen, bu meselä öz garaýşyny anyk beýan etdi. Şoňa görä-de, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi Birleşen Milletler Guramasynyň döwletara gepleşikleri goldamakda we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasyny gural hökmünde ulanmak arkaly tanalan we ykrar edilen ilkinji düzümleriniň biri boldy.
    Merkezi Aziýanyň parahatçylygyna we durnuklylygyna wehim salýan häzirki we geljekde ýüze çykyp biljek howplara garşy seslenmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmekde sebitiň döwletlerine kömek bermek, şeýle hem ýurtlaryň hökümetleriniň halkara guramalar we beýleki hyzmatdaşlar bilen howpsuzlyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyny berkitmek merkeziň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.
    Sebit merkeziniň işi hereketleriň üçýyllyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar we Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli görnüşli bilelikdäki çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar. Hereketleriň häzirki maksatnamasy 2018 — 2020-nji ýyllary öz içine almak bilen, onda sebit ýurtlarynyň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklarda öňüni alyş diplomatiýasynyň işini ilerletmek, monitoring we öňünden duýdurmak, dawalaryň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmek, sebitde Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş işini berkitmek, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary höweslendirmek ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär.
    BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi 2007-nji ýyldan bäri bäş ýurduň hökümetine transmilli howplara: terrorçylyga we ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ýaly has möhüm sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle hem merkez sebitiň durnuklylygyna täsir edýän howplaryň öňüni almak boýunça amatly şertleri döretmek arkaly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam bermegini dowam edýär.
    Merkezimiz 2010-njy ýyldan bäri BMG-niň Ählumumy kontrterrorçylyk strategiýasyny Merkezi Aziýada amala aşyrmaga goldaw bermek boýunça taslamany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şoňa görä-de, 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda BMG-niň Ählumumy kontrterrorçylyk strategiýasyny Merkezi Aziýada durmuşa geçirmegiň bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasy hem-de Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. 2018-nji ýyldan bäri bolsa bu möhüm sebitleýin taslamanyň üçünji bölümini durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýa üçin hereketleriň bilelikdäki meýilnamasy halkara goldawy gazanmak we Ählumumy kontrterrorçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirmek işinde beýleki sebitler üçin nusga hökmünde hyzmat edýän ilkinji sebitleýin resminama boldy.
    Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirligi bilen hyzmatdaşlykda, Owganystanyň hem-de Mongoliýanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek, aýratyn-da, serhet gözegçiligini güýçlendirmek, terrorçylygy maliýeleşdirmegiň öňüni almak, internetiň adamlaryň aňyna ýaramaz täsir etmek maksady bilen ulanylmagyny bes etmek boýunça sebitleýin tälim beriş okuwlarynyň köp sanlysyny gurady. Netijede, zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy tassyklanyldy.
    Şeýle hem sebitleýin merkez hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary, meselem, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak, howanyň üýtgemegine we buzluklaryň eremegine garşy göreşmek, Aral deňzi meselesi babatda öňüni alyş işini durmuşa geçirmek bilen, Araly halas etmegiň halkara gaznasy bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. Bütin dünýäde suw ýetmezçiliginiň artyşy we ählumumy derejede howanyň üýtgemegi babatda täze çemeleşmelere esaslanyp, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini göz öňünde tutup, sebitleýin merkez tarapyndan 2019 — 2021-nji ýyllarda serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy goldamak hakynda üç ýyla niýetlenen täze strategiýa kabul edildi. Aýratyn-da, biziň işimiz täze taslamanyň şu esasy ugurlaryna gönükdirilendir: özara ynamy berkitmekde öňüni alyş we suw diplomatiýalaryny peýdalanmak; sebitiň degişli institutlaryny we hukuk esaslaryny berkitmek; maglumat elýeterliligini ýokarlandyrmak, hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek.
    Sebitleýin merkeziň başlangyjy bilen, onuň meýdançasynda Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň milli bilermenleri üçin guralan öwrediji okuw sapaklary we duşuşyklar oňa gatnaşyjylaryň maglumat üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, özara gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygyň artykmaçlyklaryna we esasy meselelerine düşünmäge ýardam berdi. Şeýle hem merkezimiz suw meselesi boýunça guralýan sebit ähmiýetli çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, suw we tebigaty goramak ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan döredilýän meýdançalarydyr öňe sürülýän başlangyçlary goldaýar. Merkezimiziň ýolbaşçylary hem-de işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde suw diplomatiýasy boýunça umumy we amaly okuwlar yzygiderli guralýar.
    Şu ýyl sebitleýin merkez «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» atly täze taslamany durmuşa geçirip başlady. Onuň esasy maksady dawalaryň döremeginiň töwekgelçiligini azaltmak we onuň geljekde öz toparlarynyň çäklerinde oňaýly täsir etmegini gazanmakda öňüni alyş diplomatiýasynyň tärlerini ulanmak boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ýaşlaryny okatmaga we goldamaga gönükdirilendir. Häzirki güne çenli BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» atly täze taslamasynyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň ýaşlary üçin dowamly esasdaky okuw maslahatlary guraldy.
    Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini göz öňünde tutup, sebitleýin merkez eýýäm 2008-nji ýyldaky hereketleriň ilkinji maksatnamasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça tagallalaryny goldamak bilen, bu meseläni özüniň iş ugurlarynyň hataryna goşdy. Şoňa görä-de, sebitleýin merkez Stambul prosesi, Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA), BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA) ýaly hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň çägindäki ikitaraplaýyn we sebitleýin başlangyçlary yzygiderli goldaýar. Şol sebäpli-de, merkeziň hereket edip başlan döwründen bäri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlykda ornunyň görnetin ýokarlanandygyny bellemek zerurdyr. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar bolsa Owganystan üçin esasy energetika taslamasy bolmak bilen, onda owgan halkynyň ykdysady abadançylygyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
    Bizde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça alyp barýan işini geljekde hem dowam etdirer we bu ugurda Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirilýän işler özüniň mynasyp netijelerini berer diýip ynamly aýtmaga esas bar. Pursatdan peýdalanyp, sebitleýin merkeziň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy, ýurduň Hökümetini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw edýäris.
                                        Natalýa GERMAN, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça 
                                        ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş 
                                        diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.