Finalyň ady: «Altyn asyr» — «Ahal»

    «Nusaý» we «Aşgabat» stadionlarynda geçirilen ýarym finalyň duşuşyklarynyň netijesinde futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykan toparlar kesgitlenildi. Iki duşuşygyň netijesinde «Aşgabady» 4:3 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» we «Köpetdagdan» 3:0 hasabynda üstün çykan «Ahal» finalda duşuşmaga hukuk gazandylar.
    «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen «Altyn asyryň» arasyndaky ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Aşgabadyň» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiji «Altyn asyr» boldy. Şeýlelikde, öz taryhynda altynjy gezek finala çykan «aragatnaşykçylar» iki duşuşygyň netijesi boýunça, paýtagtyň adybir toparyny 4:3 hasabynda ýeňdiler.
    «Aşgabat» stadionynda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagyny» kabul etdi. Mundan bir aý ozal «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Soňky günlerde Türkmenistanyň çempionatyndaky üstünlikli oýunlary bilen janköýerlerini begendirýän topar Kubok ýaryşynyň jogap duşuşygynda hem «Köpetdagyň» garaşylmadyk öwrümine ýol bermedi. Jogap duşuşygy ýene-de «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy: 1:0. Bu ýeňiş bilen «Ahal» indi dördünji gezek Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy. 
    Şeýlelikde, biz ikinji gezek «Altyn asyr» — «Ahal» finalyna tomaşa ederis. Toparlar mundan ozal 2013-nji ýylda finalda duşuşyp, «Ahal» ýeňiji bolupdy. Türkmenistanyň kubogynyň bolsa oňa mynasyp bolan topara AFK-nyň kubogy — 2020-niň saýlama tapgyryna gatnaşmaga-da hukuk berýändigini ýatladýarys. «Altyn asyr» çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda yklym ýaryşyndaky ornuny berkidipdi. Diýmek, Kuboga mynasyp bolup bilse, «Ahaly» öňümizdäki ýylda-da AFK-nyň kubogynda görüp bileris. Eger Kuboga «Altyn asyr» mynasyp bolaýsa, çempionatda ikinji orun ugrundaky «Ahal» — «Şagadam» duşuşygynyň ýeňijisi yklym ýaryşyna gatnaşar. Tamamlanmagyna iki tapgyr galan çempionatda häzir bu toparlaryň ikisinde hem deň — 48 utuk bar.
    Kubok ýaryşynyň final duşuşygy 14-nji dekabrda geçiriler.